BMG Ýakyn Gündogarda möwjeýän çaknyşyklar sebäpli “uly ynsanperwer betbagtçylyk” yglan etdi

Çaknyşyklar sebäpli ýitgi çekýän sebitlerde 25 milliona golaý adam ýaşaýar.

By
BMG Ýakyn Gündogarda möwjeýän çaknyşyklar sebäpli “uly ynsanperwer betbagtçylyk” yglan etdi / Reuters

BMG-nyň Bosgunlara ýardam gullugy, Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän wakalary uly ynsanperwer betbagtçylyk hökmünde yglan etdi we çaknyşyk sebäpli sebiti terk eden asuda ilatyň howpsuz ýerlere geçmegi üçin amatly şertiň döredilmegini isledi.

BMG-nyň Bosgunlara ýardam gullugy, geçen şenbe güni Ysraýyl bilen ABŞ-nyň Eýrana garşy guran hüjümi bilen başlan we şol günden bäri dowam edýän Ýakyn Gündogardaky çaknyşyklaryň häzirden köp sanly adamyň ýaşaýan ýerlerini terk etmegine sebäp bolandygyny aýtdy.

BMG-nyň Bosgunlara ýardam gullugynyň ýolbaşçysy Aýaki Ito anna güni Ženewada metbugata beren beýannamasynda “BMG-nyň Bosgunlara ýardam gullugy,  Ýakyn Gündogarda çaknyşyklaryň möwjemegi sebäpli uly ynsanperwer betbagtçylyk yglan etdi” diýdi.

Aýaki Ito, Ýakyn Gündogardaky hüjümleriň soňky döwürde möwjemegi halkyň ýaşaýan ýerlerini terk etmegine sebäp boldy. Owganystan bilen Pakistanyň arasynda serhetde başdan geçirlen çaknyşyklar sebäpli müňlerçe maşagala sebiti terk etmeli boldy” diýdi.

Millionlarça bosun

Çaknyşyklar sebäpli uly ýitgi çekýän sebitlerde ortaça 25 million adamyň ýaşaýandygyny aýdan Ito, BMG-nyň Bosgunlara ýardam gullugynyň sebitiň ýaşaýjylaryna ynsanperwer kömegini bermäge çalyşýandygyny nygtady.

Ito asuda ilatyň hereket etmegi we howpsuz ýagdaýda serhetlerden geçmegi üçin amatly şertiň döredilmeginiň möhümdigini belledi.

Anna güni Eýranda we Liwanda täze hüjümler guraldy.

Ysraýyl bolsa Ýakyn Gündogar söweşini täze tapgyra götermekde ygrarlydygyny mälim etdi.