Zelenskiý has köp howa goranyş ulgamyny talap edýär
Russiýa Kiýewiň energiýa infrastrukturasyna guran hüjümleriniň netijesinde şäheriň ýyladyş ulgamyna zeper ýetdi
Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý Russiýanyň hüjümlerinden soň Kiýewdäki ýüzlerçe bina eýýäm iki gün bäri ýyladyş ulgamyndan mahrumdygyny, şol sebäpli hem ýaran ýurtlardan has köp howa goranyş ulgamyny talap edýändigini habar berdi.
Russiýa dört ýyla golaý dowam eden uruşyň dowamynda Ukrainanyň energiýa infrastrukturasyny nyşana almagyny dowam etdirýärkä, resmi Kiýew bu gyşyň gyş pasyllarynyň arasynda iň kyn möwsüm bolandygyny aýdýar. Ýüzlerçe rus uçarmansyz howa ulagynyň we raketalarynyň howa goranyş ulgamyny bozmagy, esasanam güýçli sowukda ýagdaýyň hasam kynlaşmagyna sebäp boldy.
Zelenskiý Litwanyň paýtagty Wilnýusa guran saparynda eden çykyşynda: “Diňe şu hepde ruslar 1700-den gowrak hüjümçi uçarmansyz howa ulagyny, 1380-den gowrak dolandyrylýan howa bombasyny we dürli görnüşli 69 raketany uçurdylar” diýip belledi.
Zelenskiý: "Şonuň üçin bize howa goranyş ulgamlary üçin raketalar her gün gerek. Howa giňişligimizi has netijeli goramak üçin ABŞ we Ýewropa bilen hyzmatdaşlygymyzy dowam etdirýäris" diýdi.
Russiýanyň bombaly hüjümleriniň Kiýewe has agyr zarba salandygy we ýarym million adamyň ewakuasiýa edilmegine mejbur bolandygy habar berilýär.
Kiýewiň şäher häkimi Witaliý Kliçko: "24-nji ýanwarda duşmanyň Kiýew şäherine hüjüm guramagyndan soň, şäherdäki 1676 sany köp gatly jaý häzirki wagtda ýyladyş ulgamy bilen üpjün edilmeýär" diýip belledi.