CBS Nýusyň berýän habaryna görä, hüjümde ýeňil ýaralanan 7 adam hem 24 sagadyň dowamynda wezipelerine başlady.
Eýranyň Yslam Ynkylap goragçylary goşuny, Amerikanyň Eýranyň günortasynda ýerleşýän Bandar Abbas howa menziliniň golaýyna guran hüjüminden soň al almak maksady bilen ABŞ-nyň Kuweýtdäki howa bazasyny nyşana alandyklaryny mälim etdi.
“Tasnim” habarlar gullugy, hüjümiň ýerli wagt bilen 04.50-de halkara wagt boýunça 01.20-de guralandygyny habar berdi.
ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdelisi bolsa Kuweýdiň raketa hüjümini bökdändigini mälim etdi.
ABŞ bilen Ysraýylyň 28-nji fewralda Eýrana garşy başladan bilelikdäki hüjümi sebäpli sebitde dartgynlyk möwjedi.
Eýran ABŞ-nyň sebitdäki harby merkezlerini nyşana almak we Ormuz bogazyny ýapmak bilen hüjümlere garşylyk görkezdi.
Pakistanyň töwellaçylyk etmeginde taraplar 8-nji aprelde atyşygyň bes edilmegi boýunça ylalaşyk gazandy.
Taraplaryň Yslamabatda geçiren gepleşiklerinde bolsa ylalaşyk gazanylyp bilinmedi.
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp atyşygyň bes edilmegi boýunça gazanylan ylalaşygyň möhledini uzaltdy.
















