DÜNÝÄ
1 minut okamak
Günorta Koreýa sişenbe güni täze prezidentini saýlar
Günorta Koreýa, ozalky prezidentiň wezipesinden boşadylmagyndan soň irki saýlawda täze liderini saýlamak üçin taýarlyk görýär.
Günorta Koreýa sişenbe güni täze prezidentini saýlar

Günorta Koreýalylar sişenbe güni ýurdu 5 ýyl gönükdirjek täze prezidentini saýlamak üçin ses berer.

Saýlawa gatnaşýan dalaşgärler saýlawçylardan has köp ses almak üçin bäsleşýär.

Saýlaw kampaniýasy döwründe oppozisiýadaky Koreýa Demokratik partiýasynyň dalaşgäri Li Že-mýung, häkimiýetiň başyndaky Halkyň güýji partiýasynyň dalaşgäri Kim Mun-Sudan öňde barar. Saýlawda jemi 6 dalaşgär bäsleşer.

Ýonhap habarlar gullugy iki dalaşgäriň duşenbe güni paýtagt Seulda soňky gezek saýlaw kampaniýasyny geçirendigini habar berdi.

Geçirlen soňky sowalnama görä, 61 ýaşyndaky aklawçy we syýasatçy Li 49,2 göterim bilen öňde barýar.

73 ýaşyndaky ozalky Zähmet ministri Kim bolsa 36,8 göterim bilen ikinji ýerde barýar.

Konserwatiw Täze Reforma partiýasynyň dalaşgäri Li Žun Sok bolsa 10,3 göterim bilen üçünji ýerde barýar.

Ozalky Prezident Ýun Suk Ýeoliň geçen ýylyň dekabr aýynda harby ýagdaý yglan etmäge synanşmagy sebäpli wezipesinden çetleşdirilmeginden soň geçirilýär.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan günorta koreýalylar prezident saýlawlary üçin ses berdi.

Milli Saýlaw komissiýasynyň maglumatlaryna görä ýurtda bellige alynan jemi 44,4 million adam saýlawda ses berer.

Saýlaw ýerli wagt boýunça irden sagat 6.00-da başlar. Saýlaw sebäpli ýurtda resmi dynç alyş yglane dildi.

Saýlawyň netijeleriniň ertir belli bolmagyna garaşylýar.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Tramp: Türkiyedäki NATO-nyň sammitine Erdogan üçin gatnaşýaryn
BMG: Ysraýylyň çagalary bilkastlaýyn nyşana almagy Gazada dowam edýän genosidiň bir bölegidir
Putin Ukrainanyň rus jemgyýetini durnuksyzlaşdyrmak üçin hüjümler amala aşyrandygyny aýtdy
Ukraina: Russiýanyň Woronež şäherinde raketa böleklerini öndürýän zawoda hüjüm guradyk
Filippinlerde mekdepde guralan hüjümde üç adam öldi, birnäçe adam ýaralandy
Eýran: Liwan urşuny bes etmek ugrundaky tagallalarda öňegidişlikler edildi
Ysraýylyň goşuny basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriýada iki adamy öldürdi
Katardaky güýçli partlama onlarça adamyň ýaralanmagyna we dereksiz ýitmegine sebäp boldy
Kair maslahaty başlady
Italiýanyň sekiz şäheri howanyň aşa yssy bolmagy sebäpli "gyzyl" howp derejesine çykaryldy
Pakistanda guralan bombaly hüjümlerde 7 adam ýogaldy
Russiýanyň Ukraina guran hüjümlerinde 6 adam ýogaldy
Gresiýada 2025-nji ýylda ilatyň köpeliş derejesi azaldy
Ysraýylyň ylalaşyga garamazdan Liwana guraýan hüjümlerinde 18 adam ýogaldy
Russiýa ukrainaly 522 esgeriň jesedini yzyna berdi, 33 esgeriniň jesedini bolsa kabul edip aldy
Ukraina dron hüjümlerinde Moskwany nyşana aldy
Şerif: “Eýran Ormuz bogazyny açar, ABŞ bolsa gabawy bes eder”
Ben-Gwir wiza almakda kynçylyk çekendigi sebäpli ABŞ-na meýilleşdiren saparyny bes etmeli boldy
Russiýa: Kiýew bilen resmi aragatnaşyk kanalymyz ýok
Eýran: Eýrana garşy urşy bes etmegiň deslapky şerti Liwandaky urşuň bes edilmegidir