SYÝASAT
2 minut okamak
Katar, Ysraýyl-Hamas gepleşiklerini bökdemek üçin pul berendigi hakyndaky garaýyşlary ret etdi
Resmi Doha tarapyndan berlen beýannamada, “Bu elhenç söweşiň bes edilmegi üçin degişli taraplaryň arasynda töwellaçy bolmaga dowam edýär we Müsür bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär”diýildi.
Katar, Ysraýyl-Hamas gepleşiklerini bökdemek üçin pul berendigi hakyndaky garaýyşlary ret etdi
5 Aprel 2025

Katar, Hamas bilen Ysraýylyň arasynda Gazada hüjümleriň bes edilmegi üçin Müsür bilen birlikde beýleki töwellaçylaryň edýän tagallasyny bökdemek üçin pul berendigi barada öňe sürülýän garaýyşlary ret etdi.

Kataryň Halkara media gullugy penşenbe güni beren beýannamasynda, “Katar döwleti käbir žurnalistler we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan Kataryň, Müsüriň ýada gepleşiklere gatnaşýan beýleki töwellaçylaryň edýän tagallasyny bödemek üçin pul berendigi baradaky asylsyz garaýyşlaryny ýazgar we ret edýär” diýdi.

Beýannamada, “Şuňa meňzeş asylsyz garaýyşlar diňe töwellaçylk tagallalaryny bökdeýär we ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklara ýaramaz täsirini ýetirýär” diýildi.

Şuňa meňzeş aýyplamalar, gumanitar pajyganyň üstüni basyp ýatyrmak we söweşiň syýasylaşdyrylmagy üçin alyp barýan dezinformasiýa kampaniýanyň täze tapgyry hökmünde analiz edildi.

Kataryň bu elhenç söweşiň bes edilmegi maksady bilen töwallaçylyk wezipesini hem adamkärçilik hem-de diplomatiýa taýdan esasy jogapkärçilik hökmünde görýändigi nygtaldy we Müsür bilen birlikde yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy we asuda ilatyň goralmagy üçin tagalla etmäge dowam etjekdigi ýatladyldy.

Beýannamada şeýle hem Müsüriň sebitara durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin edýän tagallasyna üns çekildi we bilelikdäki töwellaçylyk etabynyň netijeli bolmagy üçin tagalla edýändigi bellenildi.

‘Katargate’

 Resmi Doha, Ysraýylyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Premýer-ministr Binýamin Netanýahunyň kömekçilikleriniň, Kataryň Hamas-Ysraýyl gepleşiklerinde Müsüriň täsiriniň azalmagy üçin maglumat bermegiň öwezine Katardan pul alandygy baradaky garyşlardan soň beýannama berdi.

Penşenbe güni Ysraýylyň kazyýeti saklanan Netanýahunuň iki kömekçisiniň göz tussaglygy möhlediniň bir gün uzadylandygyny mälim etdi. Netanýahunuň kömekçileri Jonatan Urijh bilen Eli Feldstein, Katardan pul almakda we ýurduň  mertebesine zeper ýetirmek bilen günäkärlenýär.

Ysraýylyň KAN teleýaýlymy kazyýetiň, kömekçilikleriň göz tussaglyny möhledini 24 sagat uzadandygyny, polisiň möhlediň 7 gün uzadylmagy baradaky talabyny bolsa ret edendigini habar berdi.

Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu çarşenbe güni beren beýannamasynda kömekçileri barada gozgalan işi “samsyklyk” hökmünde häsiýetlendirdi.

Jurasalim Post gazetiniň baş redaktory Zwika Klein, ady agzalýan iki kömekçi bilen arabaglanşygynyň bardygy sebäpli düşündiriş berenden soň penşenbe güni öý tussaglygyndan boşadyldy.

Baş prokuror Gali Baharaw-Miara, kazyýet işiniň çäginde ýene-de iki žurnalistiň sorag edilip bilinjekdigini aýtdy.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Türkiýe bilen Saud Arabystany KAAN harby uçarlaryna birlikde maýa goýar
MHG-nyň maglumatçysy Jeffri Epşteýniň Ysraýylyň içalysy bolandygyna "ynanýar
Pakistan bilen Gazagystan özara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin 37 şertnama baglaşdy
Türkiýe Sudanyň bitewilige we özygtyýarlygyna goldaw berýär
Ysraýyl ABŞ-nyň Eýrana hüjüm guramagyny isleýär, emma Tramp egilşiksiz diplomatiýany ileri tutýar
Putin Eýranyň Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygyny kabul etdi
Türkiýe ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin töwellaçylyk etmäge taýar
Umumy türk elipbiýi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
ÝB-niň Eýranyň Ynkylap goragçylaryny “terror guramalarynyň” sanawyna almagyna garaşylýar
Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara Moskwa ikinji saparyny guraýar
Türkiýe bilen Nigeriýa özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak isleýär
Daşary işler ministri Hakan Fidan Hamasly wekiliýet bilen duşuşdy
Terror guramasy DEAŞ-a garşy egilşiksiz göreş dowam eder
Türkiýe Ysraýylyň garşylygyna garamazdan Gaza esger ugratmaga taýar
NATO: Arktikanyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýaranlar bilelikde işleşerler
Hytaý Trampyň "parahatçylyk geňeşiniň" BMG-niň ornuny tutup biljekdigi baradaky pikirine goşulmaýar
Hindistan bilen Birleşen Arap Emirlikleri suwuklandyrlan tebigy gaz şertnamasyny baglaşdy
Siriýanyň demirgazynyň terror guramasy ÝPG-li terrorçylardan saplanmagy üçin ylalaşyk gazanyldy
Prezident Erdogan Siriýanyň Prezident Prezidenti Al Şara bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Ukrainanyň resmi wekiliýeti parahatçylyk gepleşikleri üçin ABŞ-na geldi