Papa Eýran söweşiniň bes edilmegi üçin Trampa çagyryş etdi
Pasha baýramynyň öňüsyrasynda diplomatiýa çagyryşyny beren Papa, sebitde gün saýyn çuňlaşýan dartgynlyk sebäpli ýogalýanlaryň sanynyň köpelýändigi barada duýduryş berdi.
Sebitde başdan geçirilýän dartgynlyk sebäpli ýogalýanlaryň sanynyň artýandygy barada duýduryş beren Papa Leo XIV, Eýran çaknyşygynyň diplomatiýa arkaly bes edilmegi üçin ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa çagyryş etdi.
Sişenbe güni Rimiň golaýyndaky Kastel Gandololfoda metbugata beýannama beren Papa “Meniň bilşime görä, Prezident Tramp ýakynda söweşi bes etmek isleýändigini aýdypdyr. Bu diýseň ýerlikli bolar”diýdi.
Papa Leo XIV, 28-nji fewralda ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana garşy başladan howa hüjümleri sebäpli Ýakyn Gündogarda müňlerçe adamyň ýogalmagyna sebäp bolan çaknyşygy tankyt etdi.
Asuda ilatyň çekýän ýitgisine alada bildiren Papa, 5-nji aprelde bellenilip geçiljek Pasha baýramynyň öňüsyrasynda duşmançylyklaryň bes edilmegini isledi.
“Çaknyşyklar sebäpli bigünä çagalar bilen birlikde köp sanly adam ýogaldy” diýen Papa, “Yzygiderli parahatçylyk üçin çagyryş edeliň” diýdi.
Papa ýekşenbe güni beren beýannamasynda taňrynyň söweşi başladan we elleri gana bulanan liderleriň dogalaryny kabul etmejekdigini aýdypdy.