Papa Eýran söweşiniň bes edilmegi üçin Trampa çagyryş etdi
SYÝASAT
1 minut okamak
Papa Eýran söweşiniň bes edilmegi üçin Trampa çagyryş etdiPasha baýramynyň öňüsyrasynda diplomatiýa çagyryşyny beren Papa, sebitde gün saýyn çuňlaşýan dartgynlyk sebäpli ýogalýanlaryň sanynyň köpelýändigi barada duýduryş berdi.
Papa Eýran söweşiniň bes edilmegi üçin Trampa çagyryş etdi / Reuters

Sebitde başdan geçirilýän dartgynlyk sebäpli ýogalýanlaryň sanynyň artýandygy barada duýduryş beren Papa Leo XIV, Eýran çaknyşygynyň diplomatiýa arkaly bes edilmegi üçin ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa çagyryş etdi.

Sişenbe güni Rimiň golaýyndaky Kastel Gandololfoda metbugata beýannama beren Papa “Meniň bilşime görä, Prezident Tramp ýakynda söweşi bes etmek isleýändigini aýdypdyr. Bu diýseň ýerlikli bolar”diýdi.

Papa Leo XIV, 28-nji fewralda ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana garşy başladan howa hüjümleri sebäpli Ýakyn Gündogarda müňlerçe adamyň ýogalmagyna sebäp bolan çaknyşygy tankyt etdi.

Asuda ilatyň çekýän ýitgisine alada bildiren Papa, 5-nji aprelde bellenilip geçiljek Pasha baýramynyň öňüsyrasynda duşmançylyklaryň bes edilmegini isledi.

“Çaknyşyklar sebäpli bigünä çagalar bilen birlikde köp sanly adam ýogaldy” diýen Papa, “Yzygiderli parahatçylyk üçin çagyryş edeliň” diýdi.

Papa ýekşenbe güni beren beýannamasynda taňrynyň söweşi başladan we elleri gana bulanan liderleriň dogalaryny kabul etmejekdigini aýdypdy.

 

 

 

 

Öwren
Ministr Fidan Saud Arabystanly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Eýran: “Netanýahu tussaghana girmezlik üçin ABŞ-ny täze urşa tarap çekýär”
Tramp Ukrainanyň Russiýada ýangyç zawodlaryny nyşana almagyny tankyt etdi
Hakan Fidan YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň Bagdatda geçiriljek maslahatyna gatnaşar
Türkiýe bilen birlikde 19 ýurt Kolumbiýanyň Ysraýyldaky ilçihanasyny Ierusalime göçürmegini ýazgardy
Ukraina: "Zelenskiý Putin bilen prezident Erdoganyň töwellaçylyk etmegınde  duşuşyp biler"
HOK  Olimpiýa oýunlarynyň  2036-njy ýylda  ýerini saýlamak boýunça meýilnamasyny yglan etdi
Prezident Erdogan Stambulyň azat edilmeginiň 103 ýyllygyny gutlady
Ukraina 650 dron bilen Moskwa hüjüm gurady
Eýran: “ABŞ bilen gepleşik geçirmegiň manysy ýok”
Prezident Erdogan Türki döwletleriniň hyzmatdaşlyk güni mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi
Eýran: Rutte, Ýewropanyň Eýran söweşindäki rolyny boýun aldy
“Eýran indi ABŞ-na ynanmaýar”
Netanýahunyň BMG-däki çykyşy başlan badyna 70 ýurduň wekili zaly terk etdi
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp Hytaýly kärdeşini howa menzilinde garşylady
Türkiýe, Siriýa we Saud Arabystany duşuşygy Nýu-Ýorkda geçirildi
Makron: “Gazadaky ýagdaý biziň üçin utandyryjy”
Prezident Erdogan Nýu-Ýorkda özara duşuşyklar geçirdi
Tramp:Gaza milliardlarça dollarlyk kömek berler
Prezident Erdoganyň BMG-däki çykyşy sanly platformalaryň gün tertibine öwrüldi