Britaniýanyň Ankaradaky ilçisi: “Türkiýe Siriýanyň galkynyşynda uly rol oýnaýar”

Britaniýanyň Ankaradaky ilçi Morris, Siriýanyň çaknyşykdan çetde durmagynyň diýseň möhümdigini belledi.

By
Britaniýanyň Ankaradaky ilçisi: “Türkiýe Siriýanyň galkynyşynda uly rol oýnaýar” / AA

Beýik Britaniýanyň Türkiýedäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Jill Morris, Türkiýäniň Siriýada başdan geçirilýän wakalarda uly rol oýnandygyny nygtady.

Ilçi Morris, Türkiýäniň liderlik roly hakynda öwgüli sözler aýtdy.

Anna güni Stambul şäherinde geçirlen Bogaziçi sammitine gatnaşan Morris, Siriýanyň çaknyşyklardan çetde durmagynyň diýseň möhümdigini belledi.

“Siriýanyň hökümetiniň syýasy geçiş etabynda durmuşa geçirýän işlerine we geçirlen saýlawa kanagatlanma bildirýäris” diýen Morris, aç-açanlygyň we giň gerimli hökümetiň siriýanyň halkynyň ynamy taýdan diýseň möhümdigini ýatlatdy.

Morris, Ýewropa materiginde ýerleşýän Britaniýa bilen Türkiýäniň NATO-nyň çäginde dünýäde başdan geçirilýän kynçylyklaryň çözülmegi üçin birlikde tagalla edýändigine ünsi çekdi.

Gazadaky gumanitar krizis hakynda hem durup geçen Morris, dünýäniň ozal deňi-taýy görülmedik çaknyşyga şaýatlyk edýändigini belledi.

Ilçi Morris, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň liderliginde, Müsür bilen Kataryň töwellaçylyk etmeginde Gazada parahatçylyk üçin gazanylan ylalaşygyň özlerini umytlandyrandygyny belledi.

Ylalaşygyň birinji tapgyrynyň palestinlilere çaknyşykdan uzak ýagty gelejekde ýaşamak üçin amatly pursat hödürleýändigini nygtan Morrris, şol sebäpli geçiş etabyna goldaw berilmelidigini belledi.