DÜNÝÄ
2 minut okamak
Eýrandaky portda bolan partlamada 46 adamyň ýogalmagyndan 2 gün soň hem ýangynlar dowam edýär
Eýranyň döwlet telewideniýesi ýangyn söndürijileriň ýangyny söndürýän wideolaryny görkezdi we ýangynyň doly gözegçilik astyna alnandan soň çekilen zyýanyň hasaplanjakdygyny aýtdy.
Eýrandaky portda bolan partlamada 46 adamyň ýogalmagyndan 2 gün soň hem ýangynlar dowam edýär

Döwlet telewideniýesi Eýranda ýangyn söndürijileriň ýurduň iň uly söwda portunda 46 adamyň ýogalan güýçli partlamadan soň, duşenbe güni ýüze çykan ýangynlaryň gözegçilik astyna alynmagy üçin işleriň geçirilýändigini habar berdi.

Partlama şenbe güni Eýranyň günortasynda global nebt önümçiligini 1/5-iň geçýän Ormuz bogazynyň golaýyndaky Şehid Rejai portunda boldy.

Resmi IRNA habarlar agentligi, Hormuzgan welaýatynyň Krizis dolanşyk müdüri Mehrdad Hasanzadeniň beýanatyna esaslanyp: “Şehid Rejai portundaky ýangynda ýogalanlaryň sany 46 adama ýetdi” diýip habar berdi.

Resmiler 1000-den gowrak adamyň ýaralandygyny aýdypdy, emma Hasanzade ýaralanan adamlaryň aglabasynyň bejergi edilip öýlerine ugradylandygyny, diňe 138 adamyň hassahanada bejergi astyndadygyny mälim etdi.

Partlamanyň nämä sebäp bolandygy entek anyklanmady, emma portuň gümrük gullugy munuň howply we himiki materiallaryň saklanýan ýerinde ýüze çykan ýangynyň bolmagynyň mümkindigini aýtdy. Eýranyň dini lideri Ali Hameneý bu hadysada "geleňsizligiň ýa-da erbet niýetiň" bolup-bolmandygyny anyklamak üçin derňewiň geçirilmegi barada buýruk berdi.

Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan, ýekşenbe güni Bender Abbas şäherinde ýaralanan adamlaryň bejergi alýan hassahana baryp gördi. Partlamadan bäri resmiler sebitdäki ähli mekdepleriň we ofisleriň ýapylmagyny islediler we sebitiň halkyna “nobatdaky duýduryşa çenli” adamlaryň daşary çykmazlyklary we örtükleri dakmaklary barada maslahat berdiler.

Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Ryza Talaei-Nik döwlet telewideniýesine beren beýanatynda: “Sebitde harby ýangyç we harby ulanylyş maksatly import ýa-da eksport edilýän hiç hili ýük gämisi ýokdur” diýip belledi. Russiýa ýangynlara garşy göreş maksatly Eýrana hünärmenler ugratdy.

Resmiler duşenbe gününi milli ýas güni hökmünde yglan etdi, portuň ýerleşýän ýeri bolan Hormuzgan welaýatynda bolsa ýekşenbe gününden başlap 3 günlük ýas başlady. Partlama Eýranyň we ABŞ-nyň Tähranyň ýadro programma bilen bagly Omanda ýokary derejeli gepleşikler geçirýän mahaly we taraplaryň ikisiniň hem öňe gidişlik edilýändigini aýdan mahaly boldy.

Öwren
ABŞ bilen Hytaý Seulda söwda gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdy
Kabul Yslamabatda guralan hüjümiň Owganystanda meýilleşdirlendigi hakyndaky garaýyşlary ret etdi
Ganhor Ysraýylyň Liwana guran hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 2 müň 882 adama ýetdi
Birleşen Arap Emirlikleri Eýrana garşy gizlinlikde hüjüm edipdir
Russiýa ylalaşygyň möhlediniň tamamlanmagynyň yzy ýanyndan Ukraina howa hüjümini gurady
Belgiýa Türkiýe bilen strategik ýaranlygyň çuňlaşdyrylmagynda “uly ptensialyň” bardygyny görýär
ABŞ-nyň hantawirus gämisindäki raýatlaryndan birinde wirusyň bardygy anyklandy
Hantawirusdan zyýan çeken gämi Ispaniýanyň Tenerife portuna geldi we ewakuasiýa başlandy
Ysraýyl Eýrana garşy urşy goldamak üçin Yrakda gizlin baza döretdi we ony tapan esgerlere hüjüm etdi
Putin Fiso Russiýanyň Slowakiýa energiýa üpjünçiligi üçin "ähli zady" etjekdigini aýtdy
Putin: Rus esgerleri NATO tarapyndan ýaraglanan we goldanylýan agressiw güýç bilen ýüzbe-ýüz bolýar
BSGG-nyň başlygy hantawirus gämisiniň ýolagçylarynyň ewakuasiýa edilmegi üçin Ispaniýa gidýär
Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda wagtlaýyn atyşygyň bes edilendigini yglan etdi
Dron hüjümleri Russiýanyň günortasynda howa gatnawyny bökdedi
ABŞ hantawirusy “3-nji derejeli” adatdan daşary ýagdaý dolanşygy hökmünde yglan etdi
Hantawirusa ýoluganlaryň artyp biljekdigi barada duýduryş berildi
Hytaý öňki iki goranmak ministrine galplyk üçin şertli ölüm jezasyny berdi
Russiýa Germaniýany günäkärledi
Ysraýyl Liwanyň günortasynda ýerleşýän 12 obanyň boşaldylmagyny isledi
ABŞ Peşawerdäki başkonsullygyny ýapar