Hamas şenbe güni Gazadaky ýaraglaryny sebiti dolandyrýan Palestin awtoritarlaryndan birine tabşyrmaga taýýardygyny, onuň üçim Ysraýylyň goşunynyň basyp alan ýerlerinden çekilmekden ybaratdygyny beýan etdi.
Palestiniň söweşjeň toparynyň gepleşikleri alyp baryjy toparynyň ýolbaşçysy we Gazadan jogapkär wekili Halil al-Haýýa beren beýanatynda; “Ýaraglarymyz basyp alyjylar we agressiýa bilen baglydyr” diýdi. Ol; “Basyp alyjylar doly çekilenden soň şol ýaraglar döwlet awtoritaryna tabşyrylar” diýip, sözleriniň üstüni ýetirdi.
Haýýanyň ofisinden berilen beýanatda garaşsyz we özygtyýarly Palestin döwlet gurulmagyna üns çekilýändigi nygtaldy.
Haýýa şeýle hem; “Gazadaky ylalaşygyň utgaşdyrylmagy we serhetlere gözegçilik üçin BMG-niň harby güýjünin ornaşdyrylmagyny kabul edýäris” diýdi.














