Axiosyň amerikaly resmilere esaslanýan habaryna görä, Eýranyň Ynkylap goragçylary goşuny duşenbe güni Ormuz bogazyndan geçýän söwda gämilerine iki raketa atdy.
Habarda raketa hüjümi sebäpli iki gämä zeper ýetirlendigi emma wakada adam pidasynyň çekilmändigi nygtaldy.
Beýleki tarapdan Omanyň Limah sebitiniň 15 kilometr gündogaryndan günorta tarap barýan barýan tankeriň näbelli jisim tarapyndan nyşana alynandygy habar berildi.
Wakadan soň ýangynyň bolandygy bellenildi emma wakada adam pidasynyň çekilip çekilmändigi barada hiç hili maglumat berilmedi.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp duşenbe güni beren beýannamasynda, Tähranyň ozalky dini lider Ali Hamaneýiň jynazasyndan soň alyp barýan berk tutumdan soň ABŞ-nyň ýa Eýran bilen ylalaşyk gazanjakdygyny ýada bu işi dolulygyna çözjekdigini aýtdy.
















