Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan bilen Liwiýanyň Milli jebislik hökümetiniň Premýer-ministri Abdulhamid Dibeýbe iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar we sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannamada, Erdoganyň anana güni Liwiýanyň Milli jebislik hökümetiniň Premýer-ministri Abdulhamid Dibeýbe bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi nygtaldy.
Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Türkiýäniň Liwiýada başdan geçirilýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny we sebitde durnuklylygyň we howpsuzlygyň ýola goýulmagy üçin öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirmäge dowam etjekdigini nygtady.
Erdogan Türkiýe bilen Liwiýanyň arasynda energetika pudagynyň başda durmagynda birnäçe ugur boýunça edilýän hyzmatdaşlygyň pugtalanmak bilen dowam edýändigini belledi.
Türkiýe bilen Liwiýa 2025-nji ýylyň iýul aýynda magdançylyk, energetika we infrastruktura pudagy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyk teswirnamasyny baglaşypdy.
Şertnama üç ugur boýunça özara söwda mukdaryny artdyrmagy maksat edinýär.
















