Sumatrada sil sebäpli ýogalanlaryň sany 442 adama ýetdi

Sumatrada dowam edýän sil we ýer süýşmesi sebäpli ýogalanlaryň sany 442 adama ýetdi, 402 adam hem dereksiz ýitdi.

By
Sumatrada sil sebäpli ýogalanlaryň sany 442 adama ýetdi / AP

Indoneziýanyň Meteorologiýa, Klimatoloži we Geofizika gullugy Sumatrada güýçli sil we ýer süýşmesi sebäpli ýogalanlaryň sanynyň artandygyna mälim etdi we ýurduň esasy böleginde ygally howanyň dowam etjekdigi barada duýduryş berdi.

Kompas TW-niň berýän habaryna görä, Meteorologiýa, Klimatoloži we Geofizika gullugy duşenbe güni ýurduň çar tarapynda ýagyşyň artandygyny we birnäçe şäheriň amatsyz howa şertleri sebäpli howp astyndadygyny aýan etdi.

Indoneziýanyň Milli apatlara garşy göreş gullugy ýekşenbe güni Sumatrada dowam edýän sil we ýer süýşmesi sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 442 adama ýetendigini, 402 adamyň hem dereksiz ýitendigini mälim etdi.

Dereksiz ýitenleriň tapylmagy üçin 6 günden bäri gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigi bellenildi.

Sil we ýer süýşmesi sebäpli 646 adamyň ýaralanandygy nygtaldy.

Sil 1,1 million adama ýaramaz täsirini ýetirdi we sil sebäpli 290 müňden gowrak adam öýüni terk etdi.