“Gyşa taýýarlyklar: Türk aşhanalarynda dowam edýän däp”

Türk aşhanalarynyň iň bir özbolyşly we asylly däplerinden biri, gyşa görülýän taýýarlyklar

By
“Gyşa taýýarlyklar: Türk aşhanalarynda dowam edýän däp” / AA

Gözüňizi ýumuň we tomusy hyýal edňn… Bişen pomidoryň ysy bark urýar. Üçeklerde we balkonlarda al-gyzyl padnoslar günüň aşagynda ýalpyldaýar.

Balkonlar, ýüpe düzülen burçlar we badamjanlardan gül açana meňzeýär… Yssyda guraýan şol bakja önümleri hamala diýersiňiz bezeg ýaly görünýär.

Aşhanalarda bolsa… Pyjaklaryň takyrdysy, gaýnaýan gazanyň sesi we zenanlaryň gyzgyn söhbetleri güni doldurýar.

Bular, ozalky we pasyla esaslanýan däpleriň sesleri hem-de yslary. Bular gyşa taýýarlyk senediniň yzlary…

Türk aýal gyzlary asyrlardan bäri tomus gelýän bollugy gyşyň zerurlyklaryna öwürmegi endik edindi. Pomidor tomady, kakadylan bakja önümleri, miwe ballary, zeýtunlar, duzlamalar, meşhur tarhana çorbasy, wermişel we sirke…

Bankalarda we matadan tikilen haltajyklarda tekjeleri doldurýan bu hazynalar… Her biri gyşyň uzyndygyny, emma tomus güneşiniň bankalarda saklanyp bilinjekdigini ýatladýar.

Güýçli gar we aňzakly sowuk, esasanda Anadolynyň etraplarynda we daglyk ýerlerde ter miwe we bakja önümleri tapylgyz bolýar.

Maşgalalar şol sebäpli tomus we güýz aýlarynyň bollugynda azyklary saklamagy endik edindi. Pomidorlar tagamly souslara öwrüldi, burçlar günüň aşagynda guradyldy, fasollar gaýnadylyp gaplandy, miweler mürebbe, marmalad we kaklara öwrüldi.

Bu saklama usullary diňe bir gyş aýlarynda iýmitlenmegi üpjün etmeýär, şol bir wagtda-da duzlamalary taýýarlaýarkalar, otlary guradýarkalar we ammarlary doldurýarkalar ähli maşgala agzalarynyň we mähelläniň jemlenşýän medeni çäresine öwrüldi.

 Nesiller boýy mejburlyklary aşyp, pasyl çalşygyny maşgala ýatlamalaryna we sebitleýin özbolyşlyga esaslandyran türk aşhana mirasynyň kesgitleýiji taraplaryndan biri boldy.

Bir wagtlar durmuş ähmiýetli bolan bu däp-dessurlar soňky ýyllarda oý hojalykçy aýallaryň endigine öwrüldi we döwrebap Türkiýede gaýtadan ýüze çykdy. Ol hem nostalgiýa, mejburlyk we işlenen azyklara bolan garşylyk sebäpli…

Sosiolog Nurhaýat Kyzylkan üçin gyşa taýýarlyklar iň gymmatly çagalyk ýatlamalaryndan biri.

Kyzylkanyň gürrüň bermegine görä: “Ejem badamjan duzlardy. Kiçilerinden alyp, üstüni dilerdi we sarymsak, petruşka hem-de ajy burç bilen içini doldurardy. Bankalarda düzülen kiçi esgerler ýaly görünýärdi. Duzlanan hyýar, kelem, duz ýa-da daş bilen döwülen zeýtunlar… Hat-da tarhana çorbasy hem goňşular bilen taýýarlanardy. Tarhana matalaryň üstüne serilip, guradylardy. Soň üwelip, bankalarda saklanardy.

Stambulda ýaşaýan 52 ýaşly Aýşe Furkan Deligöz mamasy we ejesi tarapyndan taýýarlanýan gyşlyk azyklary ýatlaýar.

Deligöz: “Mamam mydama alça mürebbesini ederdi” diýýär. “Şeýle hem bişmedik injirlerden injir mürebbesini ederdi. Şol tagamlar henizem ýadymda we olary dowam etdirmäge çalyşýaryn.”

Bazarlarda henizem pasyllara mahsus çagyryşlar ýaňlanýar: “Menemenlik! Duzlamalyk! Mürebbelik!

Ýagny, nahar üçin pomidor, mürebbe gaýnatmak üçin miweler, duzlamak üçin bakja önümleri.

Sosiolog Kyzylkan düşündirýär: “Türkiýedäki günüň aşagynda bişýän tomusky pomidorlaryň tagamy gyş aýlarynda parniklerde ýetişýänlerden doly tapawutly. Halk ony bilýär, şol sebäpli şol tagamy gorap saklamak üçin pomidorlary bankalarda saklaýarlar. Ol diňe bir pul tygşytlamak däl, şol bir wagtda-da tagamy tygşytlamakdyr.”

Aşhanalar önümçilik liniýasy ýaly

Gyş üçin azyk taýýarlamak aldym-berdimli iş…. Tas industrial tagalla edýär diýsek ýalňyşmarys.

Kyzylkan Kahramanmaraşda gören täsin wakasyny gürrüň berýär:

“Tarhananyň inçejik gatlak görnüşinde ýaýradylýandygyny, guradylyp, hoz bilen bilelikde garbanarlyk hökmünde iýilýändigini gördüm. Ol ajaýyp pikir. Çagalar çorba içmän bilýär, emma ony hökman iýerler.”

Başga ýerlerde zenanlar iýul aýynda kilolap fasol, bezelýe we bamiýa alýarlar. Olary “börtürmek” atlandyrylýan öz suwunda ýeňilje gaýnadýarlar.

Gaýnadylan bakja önümleri soň padnoslara serilip, sowadylýar. Soň bolsa doňduryjy gaplaryna porsiýalar görnüşinde salynýar.

Hoza çenli çüremezlik üçin günüň aşagynda guradylýar.

 1980-90-njy ýyllarda industrial azyklar şol tejribeleri tas ýatdan çykardypdy. Daşary ýurt makaronlary, gaplanan mürebbeler we lomaý öndürilen duzlamalar tekjeleri doldurdy.

Kyzylkan gürrüň berýär: “Käbirleri “Şunça ýyllap hamyr ýugurmak, wermişel guratmak, mürebbe gaýnatmak ýöne ýeremidi” diýip pikirlendi. Belkem 30 ýyllap adamlar indi gyzyklanmany goýdy. Zenanlaram “Zamananyň ýaşlary şansly, hemme zady etmäge mejbur däl” diýdi.”

Emma Kowid pandemiýasynda şertler üýtgedi.

Öýlerine dykylan türkler aşhana bilen gaýtadan tanyşdy. Sosial media, çörek repidelerini we mürebbe bankalaryny buýsanja öwürdi.

Soňky ýyllarda teleýaýlymlarda giňden berilýän aşhana bilen bagly gepleşikler, nahar bişirmegi hem güýmenjä hem-de maksada öwürdi.

Däp-dessurlara dolanyp gelmek

Şeýlelikde her tomus balkonlar gyzyl burçlar bilen gül açýar. Maşgala agzalary elekleriň we padnoslaryň daşyna jemlenşýär. Zenanlar bugly gazanlaryň ýanynda resept alyşýarlar.

Agtyklar enelere telefon edip, görkezme alýar. Ýaş ýigitler çörek bişirendigi üçin öwünýär. ÝouTube fenomenleri öýde edilen duzlamalary görkezýär we goňşular bolsa bankalaryny görkezýär.

Kyzylkanyň aýdyşy ýaly: “Bu, giç galman aslyň bilen barlyşma hereketi. Bu diňe bir däplere däl, şol bir wagtda-da ýerlikli bolana dolanyp gelmeklik.”

Stambulda ýaşaýan 83 ýaşly Şükran Alkoç baý durmuş tejribesine eýe. Henizem dowam edýär.

Alkoç gürrüň berýär: “Ýylda bolşy ýaly şu tomus hem pomidor sousyny taýýarladym we agtyklarym halaýandygy üçin dürli-dürli mürebbe gaýnatdym. Doňduryja bolsa ter bakja önümlerini doldurdym. Sebäbi men mydama doly durmagyny isleýärin. Şeýlelikde duýdansyz gelen myhman üçin taýýarlykly bolýaryn.”

Anadolynyň çar tarapynda dürli tejribeler bar. Üçeklerde guradylýan injirler, mis gazanlarda gaýnadylan üzüm toşaby, matalaryň üstüne serilen marmaladlar, ammarlarda fermentirlenen alma sirkesi…

Emma her ýerde-de maksat bir: Diňe bir hasyly däl, maglumaty hem goramak…

Tomusyň ahyrlarynda bankalar dolýar.

Tekjeler mürebbeler, duzlamalar we tomatlar bilen bezelýär.

Ýanwar aýy gelende her bir çemçe diňe bir tomusyň tagamyny däl, şol bir wagtda-da ýatlamalaryň çydamlylygyny hem alyp getirýär.

Sosiolog Kyzylkan sözlerini şeýle tamamlaýar:

“Netijede bu diňe bir durmuş bilen bagly däl. Bu, şatlyk bilen bagly. Bu buýsanç bilen bagly. Bu güneşi geljege ýetirmek bilen bagly.”