Azerbaýjan-Gruziýa serhedinde bolan uçar heläkçiliginde şehit bolan harbylar üçin dabara geçirildi

Harbylaryň tabytlary dabaradan soň öz dogduk şäherlerine iberildi.

By
Dabarada dymyşlyk pursaty, Mukaddes Gurhandan okalyş we wepat bolan esgerler üçin doga-dilegler ýerine ýetirildi. / AA

Harby uçar heläkçiliginde ýogalan türk harbylar üçin anna güni paýtagt Ankaradaky Mürted howa bazasynyň serkerdeliginde hoşlaşyk dabarasy geçirildi.

Türkiyäniň Harby-howa güýçlerine degişli C-130 uçary 11-nji noýabrda Azerbaýjan-Gruziýa serhedine golaý ýerde heläkçilige uçrady, uçardaky 20 harbynyň ählisi ýogalypdy.

Dabaranyň dowamynda bir minutlyk dymyşlyk yglan edildi, Gurhan okaldy we şehit bolan türk harbylar üçin doga-dilegler edildi.

Esgerleriň şahsyýetleri okalandan soň, şehit esgerleriň jesetleri öz şäherlerine iberilmek üçin harby uçarlara äkidildi.

Dabara Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Numan Kurtulmuş, Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler, Maşgala we Sosial Hyzmatlar ministri Mahinur Özdemir Göktaş, parlament agzalary, Türkiyäniň Ýaragly Güýçleriniň ýokary derejeli serkerdeleri, Ankaranyň gubernatory Wasip Şahin, Azerbaýjanyň Harby-howa güýçleriniň serkerdesi general-maýor Namig Yslamzade, Azerbaýjanyň Ankaradaky ilçisi Reşad Mammedow we şehitleriň maşgala agzalary gatnaşdylar.

Prezident Rejep Taýýip Erdogan hem şehitleriň maşgalalaryna gynanç hatyny iberip, çuňňur gynanç bildirdi we doga-dileglerini ýetirdi.