Pakistanyň Içeri işler ministriniň orunbasary Talal Çaudry Ankara guran iki günlük resmi saparyny tamamlady.
Saparyň çäginde Pakistanyň howpsuzlyk, terrora garşy göreş we neşe maddalaryna gözegçilik ýaly ugurlarda Türkiýe bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek isleýändigi nygtaldy.
Çaudrynyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet, iki ýurduň içeri işler ministrliginiň arasyndaky utgaşyklygy artdyrmak maksady bilen Türkiýäniň Içeri işler ministriniň orunbasary Münir Karaloglu bilen birlikde beýleki ýokary derejeli resmiler bilen duşuşyklar geçirdi.
Saparyň çäginde terrora we neşe maddalaryna garşy göreş bilen birlikde bosgunlar meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çaudry Remezan aýynyň başlamagy mynasibetli Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerifiň we Içeri işler ministri Mohsin Nagwiniň ýüzlenmelerini gowşurdy.
Çaudri Pakistanyň Türkiýe bilen howpsuzlyk boýunça edýän hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy maksat edinýändigini aýtdy.
Türkiýe birnäçe ýyldan bäri DEAŞ we PKK ýaly terror guramalaryna garşy täsirli göreş alyp barýar. Pakistan hem DEAŞ we Tehriki Taliban Pakistan TTP ýaly terror guramalaryna garşy täsirli göreşiň alnyp barylmagyny maksat edinýär.
Pakistanyň Premýer-ministriniň geçen ýylyň iýun aýynda Türkiýä guran saparynyň çäginde, Prezident Erdogan bilen Pakistanyň Premýer-ministri Şerif söwda, goranyş, energetika we maýa goýum ýaly pudaklar boýunça edilýän hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýändiklerini mälim edipdi.
Türkiýäniň Goranmak ministri Ýaşar Güler hem 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda Pakistana guran saparynyň çäginde özara gatnaşykalra ünsi çekipdi.













