Sudanyň harby goşuny we ýaranlary, Demirgazyk Kordofanda RSF-ä garşy göreşýär

Sudanyň Galkan güýçleri, Çalt goldaw güýçleri RSF-niň Kordofanda uly ýitgi çekendigini mälim etdi.

By
Sudanyň harby goşuny we ýaranlary, Demirgazyk Kordofanda RSF-ä garşy göreşýär / Anadolu Agency

Sudanyň Galkan güýçleri, Sudanyň harby goşuny we olar bilen birlikde söweşýän başbozarlaryň Demirgazyk Kordofan sebitinde paramilitar RSF güýçleriniň uly ýitgi çekmegine sebäp bolandygyny mälim etdi.

Harby goşunyň ýarany bolan Sudanyň Galkan güýçleri sişenbe güni beren beýannamasynda, Demirgazyk Kordofanyň Um Saýala etrapçasynda uly ýeňiş gazanandyklaryny mälim etdi.

Mesele hakynda berlen beýannamda “Pitneçileri ortan aýyrmagy we Demirgazyk Kordofan liniýasyndaky mümkinçiliklerini dolulygyna ýok etmegi maksat edinýäris” diýildi.

Beýannamada, RSF-niň hem hünärmen hem-de harby enjam taýdan uly ýitgi çekendigi öňe sürüldi.

Gurama öz söweşijileriniň arasynda serkerde Abu Agla Kikiliň ýeňil ýaralanandygyny kabul etdi.

Topar ýurduň gündogarynda ýerleşýän Al Jezire sebitinde 2022-nji ýylyň başynda gurulýar we hatarynda 35 müňden gowrak söweşijiniň bardygy nygtalýar.

Serkerde Kikil 2023-nji ýylyň awgust aýynda RSF güýçleriniň hataryna goşulypdy, emma soň harby goşunyň hataryna geçdi.

Sudanyň harby goşuny duşenbe güni RSF bilen bolan güýçli çaknyşyklardan soň welaýatyň merkezi Al Obeidiň 200 kilometr demirgazygyndaky Um Saýany yzyna alandyklaryny mälim etdi.

Emma pitneçi topar hem Um Saýalada harby goşuna garşy ýeňiş gazanandyklaryny öňe sürdi.

RSF Kordofandan öňe barýar

Geçen aý RSF güýçleriniň Demirgazyk Darfuryň paýtagty Faşiri ele geçirmeginden soň paramilitar topar bilen Sudanyň harby goşunynyň arasyndaky çaknyşyklar esasan ýurduň merkezi we günortadaky Kordofan sebiti bilen birlikde täze sebitlere ýaýrady.

Topar Sudanyň 18 sebitinden bäşini emele getirýän ähli Darfur sebitlerine gözegçilik edýär. Harby goşun paýtagt Hartum bilen birlikde beýleki 13 sebitiň esasy bölegine gözegçilik edýär.

Darfur Sudanyň territoriasynyň 1/5 bölegini emele getirýär, emma ýurduň 50 milliona golaý ilatynyň esasy bölegi harby goşunyň gözegçiligi astyndaky sebitlerde ýaşaýar.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasyna görä, harby goşun bilen RSF güýçleriniň arasynda 2023-nji ýylyň aprel aýynda başlan çaknyşyklar sebäpli Sudanda azyndan 40 müň adam ýogaldy, 12 million adam hem ýerini terk etdi.