Eýranyň Daşary işler ministri: ABŞ bilen hiç hili gepleşik geçirmeýäris”
SYÝASAT
1 minut okamak
Eýranyň Daşary işler ministri: ABŞ bilen hiç hili gepleşik geçirmeýäris”Eýranyň Daşary işler ministri Arakçi “Töwellaçylar arkaly aragatnaşygy dowam etdirýäris. Emma munyň ady gepleşik däl” diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri: ABŞ bilen hiç hili gepleşik geçirmeýäris”

Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi, ABŞ bilen hiç hili gepleşik geçirmeýändiklerini aýtdy.

Arakçi Resmi Waşington ylalaşyk tewirnamasyny basgylamakdan ýüz öwürýänçä gepleşikleriň başlap bilmejekdigini aýtdy.

Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beýannama beren Arakçi, ABŞ we Ormuz bogazy barada maglumat berdi.

Taraplaryň töwellaçylar arkaly aragatnaşyk saklaýandygyny aýdan Arakçi, “Töwellaçylar arkaly aragatnaşygy dowam etdirýäris. Emma munyň ady gepleşik däl”diýip belledi.

Töwellaçylaryň taraplaryň arasyndaky gepleşikleriň gaýtadan başlamagy üçin tagalla edýändigini aýdan Arakçy, gepleşikleriň başlamagy üçin ABŞ-nyň ilkinji nobatda ylalaşygyň şertlerini ýerine ýetirmelidigini nygtady.

Arakçi Resmi Waşington ylalaşyk tewirnamasyny basgylamakdan ýüz öwürýänçä gepleşikleriň başlap bilmejekdigini aýtdy.

Eýran Ormuz bogazynyň açylmagy üçin öňe süren şertlerini töwallaçylar arkaly ABŞ-na ýetirdi.

Ormuz bogazy boýunça Oman bilen geçirlen gepleşikler barada durup geçen Arakçy, Oman bilen gazanylan ylalaşygyň Ormuz Bogazynyň açyljakdygy manysyny aňlatmaýandygyny ýatlatdy.

Arakçy “Oman bilen geçirlen gepleşikler Ormuz bogazynyň açyljakdygy manysyny aňlatmaýar. Bogazyň açylmagy üçin alynky şertlerimizi töwellaçylar arkaly ABŞ-na ýetirdik” diýdi.