Günorta Koreýanyň harby goşuny, Demirgazyk Koreýanyň balistiki raketa synagyny geçirendigini mälim etdi.
Günorta Koreýanyň Baş ştabyndan anna güni berlen beýannamada, waka hakynda giňişleýin maglumat berilmedi.
Beýleki tarapdan Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiçi, Demirgazyk Koreýanyň soňky raketa synagynyň Ýaponiýanyň özboluşly senagat zolagynyň daşyna düşendiginiň çaklanylýandygyny mälim etdi.
“Ýonhap” habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Günorta Koreýanyň razwetka gullugy çarşenbe güni Demirgazyk Koreýanyň 7-nji ýadro synagyny geçirmäge taýardygyny mälim edipdi.
Habarda Demirgazyk Koreýanyň lideri Kimiň kararyna laýyklykda synagyň gysga wagtda geçirlip bilinjekdigi bellenildi.
Habarda razwetka gullugynyň ýolbaşçylaryna we halk deputatlaryna synag hakynda degişli maglumatyň berlendigi nygtaldy.
Häkimiýetiň başyndaky Demokrat partiýasynyň halk deputaty Park Sun-won we oppozisiadaky Halkyň güýji partiýasynyň halk deputaty Li Seong-kweun, maslahatdan soň metbugata beren beýannamasynda “Kim, Runggye-ridäki 3-nji tunelde ýadro synagynyň geçirilmegine karar beren halatynda, bu gysga wagtda amala aşyrlar” diýdi.
Demirgazyk Koreýanyň geçen aý birnäçe gezek geçiren gysga menzilli raketa synagyndan soňky bu göçümü ünsleri özüne çekdi.











