SYÝASAT
1 minut okamak
Prezident Erdogan Al Nahaýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Prezident R. T. Erdogan Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet Ýolbaşçysy Al Nahaýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Prezident Erdogan Al Nahaýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Prezident Erdogan Al Nahaýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi / AA

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet Ýolbaşçysy Şyh Muhammed bin Zaýed al Nahaýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň NSosial platformasy arkaly beren habarnamasyna görä, telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen BAE-niň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler seljerildi.

Prezident Erdogan iki ýurduň arasynda söwda, energiýa we howpsuzlyk ýaly ugurlaryň başda durmagynda birnäçe ugur boýunça edilýän hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ähmiýet berýändiklerini nygtady.

Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky çaknyşyk etabynda sebitde başdan geçirlen wakalara gynanç bildiren Erdogan, BAE-niň özygtyýarlygyna we howpsuzlygyna doly goldaw berýändiklerine ünsi çekdi.

Prezident Erdogan Türkiýäniň degişli ýurtlar bilen aragatnaşyk saklaýandygyny, ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky meseläniň diplomatiýa arkaly çözlmegi üçin tagalla edýändigini belledi.