Eýranly diplomat Kemal Harazi, ABŞ-Ysraýyl hüjüminde aradan çykdy

Mehr we Isna habarlar gullugynyň beren habarynda “Birnäçe gün ozal ABŞ-Ysraýyl hüjüminde ýaralanan Eýranyň ozalky Daşary işler ministri şu gije şehit boldy” diýildi.

By
Eýranly diplomat Kemal Harazi, ABŞ-Ysraýyl hüjüminde aradan çykdy / AFP

Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine görä, 1-nji aprelde ABŞ-Ysraýyl hüjüminde agyr ýaralanan Eýranyň ozalky Daşary işler ministri Kemal Harazi aradan çykdy.

81 ýaşyndaky Harazi, Daşary işler ministrliginiň çäginde iş alyp barýan Strategiýa geňeşiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy wezipesini ýerine ýetirýärdi.

Mehr we Isna habarlar gullugynyň Telegramdan beren habarnamasyna görä, “Birnäçe gün ozal Amerika we sionist duşman tarapyndan guralan terrorçylykly hüjümde ýaralanan tejribeli diplomat şehit boldy” diýildi.

Haraziniň Tährandaky öýüne guralan hüjümde aýalynyň hem öldürlendigi nygtaldy.

Eýranyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili bolan Harazi, 1997-nji ýyldan 2005-nji ýyla çenli Eýranyň Prezidenti Muhammed Hatemi döwründe daşary işler ministri wezipesini ýerine ýetiripdi.

28-nji fewraldan bäri ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana garşy guraýan bilelikdäki hüjümlerinde dini lideri Ali Hamenei bilen birlikde ýokary derejeli harby we syýasy ýolbaşçylar nyşana alyndy.