Kosowany ýeňen Türkiýe 2026 Dünýä kubogyna gatnaşmaga hukuk gazandy
Türkiýäniň milli ýygyndy futbol komandasy üçünji gezek Dünýä kubogynyň finallaryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Dünýä kubogynyň final oýunlary ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçirler.
Plaý-off duşuşygynda Kosowany 1-0 hasabynda ýeňen Türkiýäniň milli ýygyndy futbol komandasy 2026 Dünýä kubogyna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Türkiýe Kerem Aktürkolunyň 53-nji minutda geçiren goly bilen 2026 Dünýä kubogyna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Prezident R. T. Erdogan beren beýannamasynda “Biziň çagalar” hökmünde bilinýän Türkiýäniň milli ýygyndy futbol komandasyny gazanan üstünlikleri bilen gutlady.
Prezident Türkiýäniň milli ýygyndy futbol komandasynyň 24 ýyl soň futbolyň iň uly çäresinde Türkiýä iň gowy görnüşde wekilçilik etmeklerine garaşýandygyny nygtady.
Prezident Erdogan “Biziň çagalaryň hemişe bolşy ýaly aý-ýyldyzly forma bilen uly üstünlik gazanjakdygyna we milletimiziň buýsanjyna öwrüljekdigine doly ynanýaryn. Ähli türgenlerimizi gutlaýaryn” diýdi.
Prezident Erdogan Türkiýäniň milli ýygyndy futbol komandasynyň Awstraliýa, Paragwaý we ABŞ bilen geçirjek duşuşyklarynda üstünlik arzuw etdi.
Türkiýäniň milli ýygyndy futbol komandasy ilkinji gezek 1954-nji ýylda dünýä kubogyna gatnaşypdy.
Türkiýe 2002-nji ýylda Günorta Koreýanyň we Ýaponiýanyň ýer eýeçilihinde geçirlen dünýä kubogynda bürünç medalyň eýesi boldy.