Ysraýyl ylalaşyga garamazdan Gaza garşy hüjümlerini güýçlendirýär

10-njy oktýabrda ot açmagy bes etmek baradaky şertnamadan soň ýogalan adamlaryň sany artýar, Gazanyň günortasyndaky birnäçe ýere agyr artilleriýa we dikuçar hüjümleri amala aşyryldy.

By
Gaza

Ýerli şaýatlaryň habar bermegine görä, Ysraýylyň goşuny duşenbe güni Gazanyň günortasyndaky harbylaryň gözegçiligindäki "sary çyzyk" çäginde birnäçe ýeri ýene-de nyşana aldy.

Ýerli ýaşaýjylar “Anadoly” habarlar agentligine Ysraýylyň artilleriýasynyň Rafahyň gündogar böleklerini güýçli oka tutýandygyny we hüjüm guralan ýerlerden tüssäniň göterilýändigini aýtdylar.

Ysraýyl dikuçarlarynyň Han Ýunusyň gündogaryna ot açandygy hem habar berildi.

Hüjümler bilen baglanyşykly entek hiç hili pida ýa-da ýaralanma barada habar berilmedi.

Gaza hökümetiniň metbugat edarasynyň maglumatyna görä, Ysraýylyň goşuny ot açmagy bes etmek baradaky şertnamanyň düzgünini 590 gezekden gowrak bozup, azyndan 357 palestinalyny öldürdi, 903 palestinalyny ýaralady.

Türkiyäniň, Müsüriň we Kataryň araçylyk etmeginde we ABŞ-nyň goldawy bilen baglaşylan ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşyk 10-njy oktýabrda güýje girdi we 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri iki ýyl yzly-yzyna dowam edýän Ysraýylyň hüjümleriniň öňüni almagy maksat edinýärdi.

Şol hüjümlerde aglabasy zenanlar we çagalar bolmak bilen 70 müňden gowrak adam ýogaldy we 170 müňden gowrak adam ýaralandy.

Ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşygyň birinji tapgyrynda ysraýylly zamun alnanlaryň palestinaly tussaglaryň ýerine boşadylmagy göz öňünde tutulýar.

Bu meýilnama şeýle hem Gazanyň täzeden gurulmagyny we Hamasy öz içine almaýan täze dolandyryş mehanizminiň döredilmegini göz öňünde tutýar.