Demokrat Ghazala Haşmi respublikan Jon Reýdden geçip, ABŞ-nyň Wirjiniýa ştatynda wise-gubernator wezipesi boýunça geçirlen saýlawda ýeňiş gazandy.
Haşmi Wirjiniýada ştat derejesindäki wezipä saýlanan ilkinji hindi-amerikaly we ilkinji musulman boldy.
Häzirki wagtda Riçmondyň günortasyndaky etrabyň wekili hökmünde ştat senatory bolup işleýän Haşmi bu wezipä başlamazdan öň Wirjiniýadaky uniwersitetde professor bolup işläpdi.
Haşmi 2019-njy ýylda respublikanlaryň ýolbaşçylygyndaky ştat Senatynda orun alyp, syýasata goşuldy we iýun aýynda demokratlaryň wise-gubernator wezipesine dalaşgär hökmünde ilkinji saýlawda ýeňiş gazandy.
Amerikan-Yslam Gatnaşyklary Geňeşi (CAIR) sosial mediadan beren beýanatynda: “Gazala Haşmini taryhy ýeňşi bilen gutlaýarys — Wirjiniýanyň ilkinji musulman wise-gubernatory wezipesine saýlanmagy uly üstünlik! Bu, hemmeler üçin dürlüligi, hyzmaty we adalatlylygy dabaralandyrýan Amerika ynanýanlaryň hemmesi üçin buýsançly pursatdyr” diýip, habar berdi.
Haşminiň ýeňşi Nýu-Ýork şäheriniň ýaş musulman we demokratik "sosialist" häkimi Zohran Mamdaniniň saýlanmagy bilen gabat geldi. Mamdani Nýu-Ýork şäheriniň ilkinji musulman we günorta aziýaly häkimi boldy.








