Günbatar Ysraýyly Gaza lukmançylyk geçelgesini gaýtadan açmaga çagyrýar
Kanada we Ýewropa ýurtlary Gazadan gyssagly lukmançylyk ewakuasiýalary üçin çagyryş edip, saglyk ulgamy hatardan çykan Günbatar Şeriada näsaglary bejermek üçin goldaw berjekdiklerini aýdýarlar.
Onlarça günbatar ýurdy duşenbe güni Gaza bilen Ysraýyl tarapyndan basylyp alnan Günbatar Şerianyň arasynda saglyk geçelgesiniň gaýtadan açylmagyny talap etdiler. Olar Gazadaky hassalaryň Günbatar Şeriada bejergi almagy üçin maliýe kömegini, lukmançylyk işgärlerini ýa-da enjamlaryny ugratmaga taýýardyklaryny beýan etdiler
Kanadanyň ýaýradan bilelikdäki beýanatynda: “Biz Ysraýyl tarapyndan basylyp alnan Günbatar Şeria, şol sanda Gündogar Iýerusalim bilen saglyk geçelgesini gaýtadan açylmagynt berk talap edýäris. Bu, Gazadan hassalaryň ewakuasiýasyny dowam etdirmek we olaryň Palestiniň territoriýasynda zerur bejergi almagy üçin möhümdir” diýilýär.
Beýanata gol çeken ýurtlaryň arasynda Awstriýa, Belgiýa, Kanada, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Ýewropa Bileleşigi we Polşa bardy.
ABŞ bu beýanata gol çeken ýurtlaryň arasynda görkezilmedi.
“Biz Ysraýylyň Gaza derman we lukmançylyk enjamlarynyň geçirilmegine girizen çäklendirmelerini hem ýatyrmagyny talap edýäris” diýilýär.
Ynsanperwe kömek guramalary awgust aýynyň ahyrynda Gazada zerur bolan kömegiň, şol sanda dermanlaryň az böleginiň ýetirilýändigini beýan etdiler. Bu ýagdaý, Ysraýylyň maý aýynda kömekleriň geçirilmegine girzen gadagançylygyny ýatyrandan soň hem dowam edýär.
Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy maý aýynda Gazanyň saglyk ulgamynyň tas doly hatardan çykandygyny beýan edipdi.
Ysraýyl Gazanyň ähli geçelge nokatlaryna gözegçilik edýär we ol ýere ýeterlik azyk kömeginiň we üpjünçiligiň geçirilýändigini beýan edýär.
Gazadaky açlykdan ejir çekýänleriň, şol sanda çagalaryň suratlary dünýäde Ysraýylyň Gazadaky urşuna garşy gahar-gazap döretdi. Bu uruş 2023-nji ýylyň oktýabryndan bäri on müňlerçe adamyň ölmegine, Gazanyň ähli ilatynyň öýlerinden mahrum bolmagyna we açlyk krizisine sebäp boldy.
Hukukçylar, alymlar we BMG-niň derňew topary bu ýagdaýy genosid hökmünde häsiýetlendirýärler.
ABŞ-nyň käbir esasy ýaranlary, esasanam Britaniýa we Fransiýa, BMG-de Palestin döwletiniň döredilmegini iki döwletli çözgüdiň esasy hökmünde goldadylar, Palestini ykrar etme resmi Waşingtonyň garşy durmagyna garamazdan amala aşyryldy.