Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi, çarşenbe güni harby türgenleşigiň çäginde bolan partlamada azyndan 10 esgeriň ýaralanandygyny mälim etdi.
Goranmak ministrliginiň beren beýannamasyna görä, ady agzalýan partlama ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Pažu sebitindäki artilleriýada başdan geçirildi.
Türgenleşigiň çäginde ulanylýan ýasama bombanyň ýarylmagy sebäpli 10 esger ýaralandy.
Beýannamada “Çarşenbe güni ýerli wagt bilen 15,24-de, halkara wagt byýunça 06.24-de tälim güllesi garaşylmadyk ýagdaýda ýaryldy” diýildi.
Beýannamada, partlamada ýaralanan 10 esgeriň bejergi astyna alynandygy nygtaldy.
Partlamanyň sebäbiniň anyklanylmagy üçin derňew işiniň gozgalandygyny mälim eden ministrlik, waka hakynda giňişleýin maglumat bermedi.
Demirgazyk Koreýa garşy möhüm harby baza
Pažu harby bazasy Seulyň 50 kilometr demirgazyk günbatarynda, Demirgazyk Koreýa serhedine ýakyn Günorta Koreýa degişli köp sanly harby bazanyň ýerleşýän zolagynda ýer alýar.
1950-1953-nji ýyllaryň arasyndaky söweşiň parahatçylyk şertnamasy bilen däl eýsem diňe atyşygyň bes edilmegi ylalaşygy bilen netijelenendigi sebäpli iki koreýaly söweşmäge dowam edýär.
Ýadro ýaragyna eýe bolan Demirgazyk Koreýa bilen uzak ýyllardan bäri dowam edýän dartgynlyk sebäpli Günorta Koreýada 30 ýaşyna ýetmedik ähli erkekleriň üçin hökmany harby gulluk talap edilýär.