Erdogan bilen Starmer Eurofighter Typhoon şertnamasyny baglaşdy

Eurofighter Typhoon uçarlary Ýewropada Britaniýa, Germaniýa, Italiýa, Ispaniýa we Awstriýa tarapyndan, Ýakyn Gündogarda bolsa Saud Arabystany, Oman, Kuweýt we Katar bilen birlikde 4 aýlag ýurdy tarapyndan ulanylýar.

Erdogan and Starmer sign a bilateral cooperation agreement on Eurofighter Typhoon fighter jets. / Reuters

Prezident R. T. Erdogan bilen Britaniýanyň Premýer-ministri Keir Starmer Eurofighter Typhoon uçarlary boýunça özara hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy.

Erdogan duşenbe güni paýtagt Ankarada Prezidentiň Kompleksinde geçirlen gol çekişlik dabarasyndan soň eden çykyşynda “Şertnamany iki ýakyn hyzmatdaşyň arasyndaky strategik gatnaşyklaryň täze simwoly hökmünde görýäris” diýdi.

Prezident Erdogan Eurofighter Typhoon şertnamasynyň  goranyş senagaty boýunça Beýik Britaniýa bilen birlikde durmuşa geçiriljek taslamanyň başlangyjy boljakdygyna ynanýandygyny nygtady.

Erdogan Türkiýe bilen Britaniýanyň arasyndaky söwda mukdaryny 40 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýändiklerini we ykdysady gatnaşyklaryň güýlendiriljekdigini belledi.

Prezident Erdogan “Beýik Britaniýa bilen ýurdumyzyň arasyndaky söwda mukdaryny ilki 30 milliard, soň bolsa 40 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýäris. Ykdysady gatnaşyklarymyzy güýçlendireris. Eurofighter Konsorsiýum etabynda Britan şalygy tarapyndan durmuşa geçirlen işler üçin Premýer-ministr Starmere we toparyna minnetdarlyk bildirýäris”diýdi.

Taryhy şertnama

Britaniýanyň Premýer-ministri Starmer, şertnamanyň gymmatynyň 11 milliard dollara barabardygyny nygtady.

Starmer “Bu hakykatdan hem gymmaty 10,7 milliard dollara barabar bolan möhüm şertnama we 10 ýyl dowam etjek iş diýmek” diýdi.

Starmer Türkiýe bilen Britaniýanyň arasyndaky Eurofighter Typhoon şertnamasynyň NATO-nyň howpsuzlygynyň ýola goýulmagy taýdan hem möhümdigine ünsi çekdi.

Britaniýanyň Premýer-ministri Starmer bilelikdäki metbugat ýygnagynda “Bu NATO-nyň howpsuzlygy taýdan diýseň möhüm, goranyş senagaty boýunça özara hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrar we Britaniýanyň ykdysady taýdan ösüşine uly goşant goşar. 20 müň iňlis üçin iş mümkinçiligi döreder. Döwrebap harby uçarlar gurlar” diýdi.

Britaniýanyň Goranmak ministrligi şertnamanyň 20 Eurofighter Typhoon uçaryny öz içine alýandygyny mälim etdi.

Britaniýanyň Premýer-ministri Starmere Ankara guran saparynda ýoldaşlyk eden Goranmak ministri Healeý bolsa metbugata beren beýannamasynda “Türkiýe NATO-nyň esasy ýarany we Gara deňiziň sakçysy. Türkiýäniň Eurofighter Typhoon uçarlaryna eýe bolmagy NATO-nyň ýüz öwürdijiligi taýdan hem diýseň möhüm” diýdi.

Britan hökümeti şertnamany “döwrebap harby uçarlar boýunça baglaşylan iň uly eksport şertnamasy” hökmünde häsiýetlendirdi.

Diňe uçar däl

Geçen hepde Airbus Defens adn Spaje firmasynyň ýolbaşçysy Mihael Şelhorn, Eurofighter Typhoon şertnamasynyň önümçiligi artdyrjakdygyny we täze tehnalogiýalar bilen has döwrebap uçarlaryň öndürilmegine we Türkiýe bilen uzak möhletli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna itergi berjekdigini aýtdy.

NATO agza ýurtlaryň arasynda ikinji uly goşuna eýe bolan Türkiýe, Britaniýa, Germaniýa, Italiýa we Ispaniýa tarapyndan birlikde öndürlen köp maksatly harby uçar bolan Eurofighter Typhoon uçarlary bilen howa ýerli harby uçarlarynyň önümçiligine geçýänçä howa güýçlerini güýçlendirmegi maksat edinýär.

Eurofighter Typhoon uçarlary Ýewropada Britaniýa, Germaniýa, Italiýa, Ispaniýa we Awstriýa tarapyndan, Ýakyn Gündogarda bolsa Saud Arabystany, Oman, Kuweýt we Katar bilen birlikde 4 aýlag ýurdy tarapyndan ulanylýar.