SYÝASAT
1 minut okamak
Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara Moskwa ikinji saparyny guraýar
Putin bilen Şara özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.
Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara Moskwa ikinji saparyny guraýar
Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara Moskwa ikinji saparyny guraýar / AP
29 Ýanwar 2026

Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara çarşenbe güni Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmak üçin resmi sapar bilen Moskwa geldi.

SANA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, bu sapar Şaranyň soňky 4 aýda Moskwa guran ikinji sapary boldy.

SANA, iki lideriň arasynda geçiriljek gepleşiklerde özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitde başdan geçirilýän soňky wakalaryň seljerilmegine garaşylýandygyny mälim etdi.

Rossiýa-24 teleýaýlymy Şaranyň resmi sapary hakyndaky habarlara giňişleýin ýer berdi.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow paýtagt Moskwada beren beýannamasynda, Putin bilen Şaranyň Siriýadaky rus esgerleri meselesini hem ara alyp maslahatlaşjakdygyny ýatdy.

Siriýadaky häkimiýet çalşygyndan soň Moskwa bilen Damaskyň arasynda gatnaşyklaryň ösýändigine ünsi çeken Peskow, “Siriýa Arap Respublikasy bilen edýän özara gatnaşyklarymyz liderlik çalşygyndan soň hem pugtalanmak bilen dowam edýär” diýdi.

Peskow Siriýanyň ozalki lideri Başar Asadyň yzyna berilmegi meselesiniň gün tertibine getirlip getirilmejekdigi hakyndaky soraga “Asad meselesinde hiç hili garaýyş beýan etmeýäris” diýip jogap berdi.

Kreml tarapyndan berlen beýannamada, Putin bilen Şaranyň arasyndaky gepleşiklerde Siriýanyň geçiş etaby we Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän soňky wakalaryň gün tertibine getiriljekdigi nygtaldy.

Çarşenbe güni guralan sapar Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şaranyň 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Russiýa guran saparyndandan soň Moskwa guran ikinji resmi sapary boldy.

 

 

Öwren
Prezident Erdogan prowokasiýalara garşy duýduryş berdi
Hakan Fidan Kataryň we Azerbaýjanyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Eýrandan Türkiýä atylan ballistiki raketa täsirsiz ýagdaýa getirildi
Pezeşkiýan Russiýanyň we Pakistanyň lideri bilen söweşiň bes edilmegi barada pikir alyşdy
Prezident Erdogan “Söweş tutuş sebiti gurşap almazdan bes edilmeli” diýdi
Prezident Erdogan, Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Russiýa Eýranyň Yspyhan şäherindäki konsullygyna zeper ýetirlendigini habar berdi
Prezident Erdogan türk howa giňişliginiň bozulmagy sebäpli Eýrana duýduryş berdi
Russiýa bilen Hytaý Eýranyň täze dini liderine goldaw berýär
Türkiýe DKTR-na 6 sany F-16 uçaryny ugratdy we howa goranyş ulgamlaryny ornaşdyrdy
Tramp: ABŞ-nyň Eýranyň deňiz flodyna we raketa atyş platformasyna uly zarba urandygyny aýtdy
Eýranyň lideri boýun egmejekdiklerini aýtdy we goňşy ýurtlardan ötünç sorady
Türkiýe Ýakyn Gündogardaky raýatlarynyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi üçin degişli çäreleri görýär
Prezident Erdogan Italiýanyň Premýer-ministri Meloni bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
BMG Ýakyn Gündogarda möwjeýän çaknyşyklar sebäpli “uly ynsanperwer betbagtçylyk” yglan etdi
Tramp Eýran söweşinde heniz gury ýer goşunyny ornaşdyrmak islemeýändigini nygtady
Saud Arabystany Şa Sultan howa bazasyny nyşana alan 3 ballistiki raketanyň öňüni aldy
ABŞ-nyň Söwda ministri Kongresiň Epşteýn derňewinde şaýatlyk etmäge razylyk berdi
“Eýran nähak we hukuksyz hüjüme sezewar bolýar”
Prezident Erdogan Eýranda asuda ilatyň ýogalmagyny ýazgardy