ABŞ-da ýerleşýän adam hukuklary topary: Eýrandaky protestlerde ölenleriň sany 4519 adama ýetdi
Adam hukuklaryny goraýyjy aktiwistleriniň habar gullugynyň (HRANA) berýän maglumatyna görä ýurt boýunça protestleriň 24-nji gününde 26 müňden gowrak adam tussag edildi.
ABŞ-da ýerleşýän adam hukuklary aktiwistleriniň habar gullugy (HRANA) sişenbe güni Eýrandaky demonstrasiýalarda tassyklanan ölenleriň sanynyň 4519 adama ýetendigini habar berdi.
“HRANA” tarapyndan toplanan maglumatlara görä 24 günden bäri dowam edýän protest aksiýalarynda azyndan 26 müň 314 adam tussag edildi we 5 müň 811 adam agyr ýaralandy.
Habarlar gullugy şeýle hem 9049 ölümiň henizem derňelýändigini habar berdi.
“HRANA” ölenleriň sanynyň has ýokary bolup biljekdigini duýdurdy we bu sanlaryň internetiň kesilmegi, howpsuzlyk boýunça güýçli gysyş we maglumata elýeterliligiň çäklendirilen şertlerinde hasaba alnandygyny belledi.
Eýran, 28-nji dekabrda Tähranyň Uly bazarynda Eýranyň rialynyň hümmetiniň pese gaçmagy we ykdysady ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy sebäpli başlan protestleri sebäpli dartgynly günleri başdan geçirýär. Demonstrasiýalar soňky günler-de başga-da ençeme şäherlere ýaýrady. Eýranyň resmileri ABŞ-ny we Ysraýyly ýurduň jemgyýetçilik ýerlerinde hüjümleri amala aşyran "ýaragly pitneçileri" goldaýanlykda aýypladylar. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp demonstrantlar öldürilen halatynda "berk çäre" görjekdigini birnäçe gezek gaýtlady. Emma soň Tähranyň ýüzlerçe meýilleşdirilen ölüm jezasyny ýatyrandygy üçin kanagatlanma bildirdi.