ABŞ Ysraýylyň F-15 uçar meýilnamasy üçin Boeing bilen 8,6 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy
Floridada Tramp-Netanýahu duşuşygyndan soň berlen beýannama görä, şertnama 25 uçar bilen birlikde goşmaça uçarlary öz içine alýar.
Pentagon Ysraýylyň howa güýçleri üçin täze harby uçarlaryň öndürilmegini we gowşurlyş etabyny öz içine alýan Ysraýyl F-15 meýilnamasynyň çäginde Boeing bilen 8,6 milliard dollarlyk täze şertnama baglaşdy.
Pentagon tarapyndan duşenbe güni berlen beýannamada, şertnamanyň 25 täze F-15YA uçarynyň synagdan geçirilmegini, önümçiligini we gowşurlyş etabyny we goşmaça 25 uçaryň öndürilmegini öz içine alýandygy nygtaldy.
Goranmak ministrligine görä, meýinama boýunça işler ABŞ-nyň Missouri ştatynda alnyp barylar we 2035-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli tamamlanar.
Bu beýannama, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň arasynda Florida ştatynda geçirlen gepleşikden soň berildi.
Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu ABŞ-na guran saparynyň çäginde ABŞ-nyň Goranmak ministri Pete Hegset bilen duşuşdy. Metbugata ýapyk häsiýetinde geçirlen duşuşyk hakynda maglumat berilmedi.
Ysraýyla çäksiz goldaw
ABŞ, Prezident Jo Baýden we Donald Tramp döwründe Gazadaky genosidiň başlan gününden bäri iki ýylda Ysraýyla azyndan 21,7 milliard dollarlyk harby kömek berdi.
ABŞ Ysraýylyň Gazadaky genosid söweşinde 71 müň palestinliniň öldürlendigine garamazdan Ysraýyla çäksiz goldaw bermäge we ýarag satmaga dowam edýär.