Türkiyäniň Daşary işler ministrligi Husileriň Saud Arabystanyny nyşana alýan soňky hüjümleri barada ýazmaça beýanat berdi.
Beýanatda: "Saud Arabystanyna gönükdirilen Husi hüjümlerini berk ýazgarýarys, bu hüjümler asuda ilatyň janyna we emlägine gönükdirilýär we sebitde dartgynlylygy güýçlendirýär. Saud Arabystanynyň özygtyýarlylygyna we territoriýal bitewiligine goldawymyzy ýene-de bir gezek gaýtalaýarys" diýip habar berildi.
MASLAHAT BERILÝÄR
Beýanatda bu hüjümleriň Ýemendäki çaknyşygy dowamly syýasy çözgüt arkaly bes etmek üçin edilýän diplomatik tagallalary hem puja çykarýandygy bellenilip, Husilerden agressiw hereketlerini dessine bes etmekleri talap edildi.



















