TÜRK DÜNÝÄSI
1 minut okamak
Gazagystanda geçirilen harby türgenleşikde dokuz esger ýogaldy, ýedi esger bolsa dereksiz ýitdi
Waka boýunça derňew işi başladyldy
Gazagystanda geçirilen harby türgenleşikde dokuz esger ýogaldy, ýedi esger bolsa dereksiz ýitdi
Gazagystanda geçirilen harby türgenleşikde dokuz esger ýogaldy, ýedi esger bolsa dereksiz ýitdi

Gazagystanyň Hazar deňziniň kenarynda geçiren harby türgenleşiginde 19 esgeriň 9-sy ýogaldy, 7-si bolsa dereksiz ýitdi.

Gazagystanyň Goranmak ministrligi Gazagystanyň Harby-deňiz güýçleriniň Hazar deňziniň kenarynda türgenleşik geçirendigini aýan etdi.

Türgenleşikde tälim we söweş missiýasy mahalynda howa şertleriniň birden ýaramazlaşmagy we şemalyň güýçlenmegi sebäpli 19 esgeriň deňze gaçandygy habar berildi.

Beýanatda wakada 9 esgeriň ýogalandygy, 3 esgeriň halas edilendigi, dereksiz ýiten 7 esgeri tapmak üçin gözleg-halas ediş işleriniň dowam edýändigi we degişli bölümleriň sebite iberilendigi bellenildi.

Goranmak ministri Dauren Kosanowyň wakanyň ählitaraplaýyn derňelmegi we gözleg-halas ediş işlerini utgaşdyrmak üçin sebite gidendigi habar berildi.

Waka boýunça derňew işi başladyldy

Gazagystanyň Baş prokuraturasy esgerleriň ýogalmagy bilen netijelenen waka boýunça derňewiň başladylandygyny habar berdi.

Baş prokuratura tarapyndan berlen beýanatda, wakanyň anyklanmagy üçin operatiw derňew toparynyň döredilendigini, şeýle hem wakanyň bolan ýerinde Içeri işler ministrliginiň, Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň we prokuraturanyň işgärleriniň bardygyny mälim etdi.

Beýanatda zerur derňewleriň geçirilýändigi we kazyýet-lukmançylyk hünärmenleriniň bellenendigi aýdylýar.