DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ysraýyl ylalaşyga garamazdan Rafahyň gündogarynda ýene-de 4 palestinlini öldürdi
Ysraýylyň harby goşuny, Rafah şäheriniň gündogarynda palestinlilere garşy ot açmaga dowam edýär.
Ysraýyl ylalaşyga garamazdan Rafahyň gündogarynda ýene-de 4 palestinlini öldürdi
Ysraýyl ylalaşyga garamazdan Rafahyň gündogarynda ýene-de 4 palestinlini öldürdi / Reuters
Duş 9 Ýek

Ysraýylyň harby goşuny 10-njy oktýabrda gazanylan ylalaşyga garamazdan, Gazanyň günortasynda ýerleşýän Rafah şäheriniň gündogaryna hüjüm guramaga dowam edýär. Ysraýyl tarapyndan guralan soňky hüjümde 4 palestinli öldürildi.

Ysraýylyň harby goşuny tarapyndan duşenbe güni berlen beýannamada “Duşenbe güni ir ertir Rafahyň gündogarynda ýerasty tunelden ýaragly 4 adamyň çykandygy anyklandy” diýildi.

Beýannamada palestinlileriň od açandygy sebäpli esgerleriň degişli gaýtawuly görkezendigi we 4 adamyň öldürlendigi öňe sürüldi.

Ysraýylyň harby goşuny soňky hepdelerde Rafahda tunelden çykandyklary bahanasy bilen onlarça palestinlini öldürdi.

Ysraýylyň 2023-nji ýylda başlan hüjümleri sebäpli 72 müň palestinli ýogaldy, 171 müňden gowrak adam hem ýaralandy.

Ysraýylyň hüjümleri sebäpli Gazanyň infrastrukturasynyň 90 göterimi hatardan çykaryldy.

Gazanyň Saglygy goraýyş ministrligine görä, Ysraýyl 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda gazanylan ylalaşyga garamazdan häzire çenli 576 palestinlini öldürdi, 1543 palestinlini hem ýaralady.