SYÝASAT
1 minut okamak
Tramp üçünji möhlet üçin prezident bolmagyň ýollaryny gözleýär
Prezident Donald Tramp konstitusiýa çäklendirmesine garamazdan, üçünji gezek saýlawlara gatnaşmagyň ýollaryny gözleýändigini mälim etdi.
Tramp üçünji möhlet üçin prezident bolmagyň ýollaryny gözleýär
Trump reveals he is thinking seriously about ways to extend his presidency beyond two terms. [Photo: AP] / AP

Prezident Donald Tramp ýekşenbe güni özüniň üçünji möhlet prezident bolmak üçin ýol gözleýändigini we onuň "degişip aýdan sözi däldigini" belledi. Bu onuň 2029-njy ýylyň başynda ikinji möhleti tamamlanandan soň, ýurdy dolandyrmagy dowam etdirmek üçin konstitusiýa päsgelçiligini aşmagyň ýollaryny göz öňünde tutýandygyny görkezýän iň açyk bellik boldy.

Tramp NBC News telewideniýe kanaly bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde: “Muňa ýetmek üçin ulanyp boljak usullar bar” diýip aýtdy.

Şeýle hem ol: “Bu barada pikirlenmek üçin entek örän ir” diýip belledi.

1951-nji ýylda konstitusiýa girizilen 22-nji üýtgeşme, Prezident Franklin D. Ruzweltiň yzly-yzyna dört gezek saýlanmagyndan soň kabul edilipdi we onda "Hiç bir adam Prezident wezipesine iki gezekden köp saýlanyp bilmez" diýilýär.

NBC News habarçysy Kristen Uelker Trampa bolmagy ähtimal strategiýanyň Wise-prezident J.D. Wensiň dalaşgär bolup saýlananyndan soň, wezipäni oňa berip-bermejekdigi barada sorag berildi.

Tramp: “Bu bir usul. Emma başga ýollar hem bar. Başga ýollar hem bar” diýip nygtady.

Uelkeriň: “Maňa başga bir ýol barada gürrüň berip bilersiňizmi?” soragyna, Tramp: “Ýok” diýip jogap berdi.

Tramp, ozal hem üçünji möhlet üçin prezident bolmak barada wagtal-wagtal degişme görnüşinde beýanat berýärdi.

Ýanwar aýynda bolsa: “Ýaňadandan dalaşgär bolmagym üçin rugsat barmy?” diýip sorap, şol meseläni ýaňadandan gün tertibe getiripdi.

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Ysraýylda çap edilýän gazet karzly amerikalylar üçin Eýrany basyp almagy teklip etdi
Erdogan: Türkiýe Eýran-ABŞ dartgynlygynyň ortadan aýrylmagy üçin tagalla edýär
Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu: “Biziň esasy wezipämiz Eýranyň hökümetini agdarmak”
Putin: Russiýa bilen Ukraina ylalaşyk gazanyp biler
Prezident Erdogan Wladimir Putin bilen duşuşdy
“Türkiýe dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla edýär"
Ministrler Fidan bilen Güler, Pakistanyň Daşary işler ministri Dar bilen Bişkege gidýär
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Liderler sammiti Bişkekde öz işine başlady
Prezident Erdogan Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew bilen duşuşdy
Prezident Erdogan Bişkege bardy
Tramp “Men ABŞ-nyň Prezidenti bolmadyk bolsadym Ysraýyl ýok bolardy”
Eýran Ormuz bogazynda ABŞ-na degişli MQ-9 kysymly drony urup düşürendigini habar berdi
Ukraina Samara sebitindäki senagat desgasyna we Ozon onlaýn söwda ammaryna hüjüm gurady
Eýranyň Baş ştabynyň başlygy: “Duşmanyň täze howplaryna degişli gaýtawuly görkezeris”
BMG-nyň Baş sekretary Russiýanyň Ukraina guran hüjümlerini berk ýazgardy
Daşary işler ministri Hakan Fidan kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Ysraýyl 2 ýyl soň ahyry 5 ýaşyndaky Hind Ražaby öldürendigini boýun aldy
Prezident Erdogan Ýaponiýanyň Premýer-ministri Takaiçi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
“ABŞ-nyň Eýrana guraýan hüjümlerine goldaw bermäň”
Eýran: “Ysraýyl ABŞ bilen gazanylan ylalaşygyň durmuşa geçirilmegini bökdeýär”