DÜNÝÄ
1 minut okamak
Tramp Eýranyň saklanan aktiwleriüçin parahatçylyk ylalaşygynyň kabul edilmeginiň hökmanydygyny aýtdy
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýran bilen parahatçylyk ylalaşygy bolmazdan Tährana garşy sanksiýalaryň bes edilmejekdigini we Eýranyň saklanan aktiwleriniň hem boşadylmajakdygyny nygtady.
Tramp Eýranyň saklanan aktiwleriüçin parahatçylyk ylalaşygynyň kabul edilmeginiň hökmanydygyny aýtdy
Donald Trump (Arhiw)

 “NBC Nýusyň” " Metbugatbilen duşuşyk" atly çäresine gatnaşan Tramp şol başlangyçlaryň diňe ylalaşyk gazanylandan soň göz öňünde tutulyp bilinjekdigini aýtdy.

 "Bu ylalaşykdan soň bolar" diýip, Tramp sözüniň üstüni ýetirdi: "Eger olar özüni gowy alyp barsalar, netijeli işleseler, biz geňeşmelere başlarys".

 Trump mundan başga-da, Lübnanyň Tähran bilen gysga möhletli ylalaşyga goşulmagyny talap etmeýändigini aýtdy.

Tramp anna güni beren interwýusynda : "Meniň pikirimçe olar muny görmek isleýärler, ýöne men  talap etmeyärin" diýdi.

 ABŞ-nyň prezidenti Tramp: "Biz ylalaşyga iňňän ýakynlaşdyk, ýogsam men olara berk zarba uraryn" diýdi.

 Tramp şeýle hem Eýranyň dini lideri Mojtaba Hameneýi bilen duşuşmaga açykdygyny aýtdy.

 Tramp, “Hameneýiniň nirededigini bilýäňmi” diýlen soraga: "Bilip-bilmeýändigimi aýtmak islämok, ýöne bilmek ähtimallygym ýokary" diýip jogap berdi.