TEKNOFEST-iň dron bäsleşigi Türkiýäniň Şyrnak welaýatynda başlady
TÜRKIÝE
1 minut okamak
TEKNOFEST-iň dron bäsleşigi Türkiýäniň Şyrnak welaýatynda başladyTürkiýäniň günorta gündogar welaýatynda geçiriljek bäsleşik üçin 18 müň ýetginjek ýüz tutdy.
TEKNOFEST-iň dron bäsleşigi Türkiýäniň Şyrnak welaýatynda başlady / Anadolu Agency

Türkiýäniň tanymal tehnalogiýa festiwaly TEKNOFEST, Türkiýäniň günorta gündogarynda ýerleşýän Şyrnak welaýatynda dron festiwaly bilen başlady.

Şu ýyl Şyrnakda geçirilýän festiwala 18 müň ýetginjek ýüz tutdy.

Şu ýyl bäsleşiklere gatnaşmak üçin 1,6 million adam we 730 müň topar ýüz tutdy.

Ýokardaky ýüz tutma görkezijileri taýdan şu ýyl TEKNOFEST-de rekord goýuldy.

Toparlar jemi 54 ugur boýunça bäsleşer. Bäsleşikleriň ýeňijilerine jemi 75 million türk lirasy ýagny 1,5 million dollarlyk baýrak berler.

TEKNOFEST-e gatnaşyjylara şeýle hem 2 million dollardan gowrak maliýe kömegi berler.

TEKNOFEST-iň dolanşyk geňeşiniň we T3 gaznasynyň başlygy hökmünde Şyrnakda geçirlen festiwalyň açylyş dabarasyna gatnaşan Selçuk Baýraktar, Şyrnagyň Türkiýäniň dron tehnalogiýasynyň ösdürilmeginde uly rol oýnaýandygyny belledi.

Baýraktar Türkiýäniň ilkinji dronynyň 2006-njy ýylda Şyrnak welaýatynda synagdan geçirlendigini ýatlatdy.

Selçuk Baýraktar Şyrnagyň soňky 20 ýylda sebitiň terrordan saplanmagyndan soň tehnalogiýa taýdan ösendigini belledi.

Şyrnak welaýatynda başlan TEKNOFEST oktýabr aýynda Şanlyurfada tamamlanar.

 

Öwren
Woleýbolçy gyzlar ýarym finala gatnaşmaga hukuk gazandy
Stambulyň golaýynda iki söwda gämisi kakyşdy
Prezident Erdogan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitine gatnaşar
Prezident Erdogan 30-njy awgust Ýeňiş baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi
Türkiýe Gara deňizde gämilere guralan hüjümler sebäpli Ukrainanyň ilçisini çagyrdy
Daşary işler ministrligi: Halkara jemgyýetçiligi Netanýahu hökümetiniň ýalanlaryna ynanmaýar
Ukrainanyň Ankaradaky ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy
Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Keçeli Gresiýa bilen bagly beýanat berdi
Türkýäniň polat önümçiligi iýul aýynda 7 göterim artdy
MGM: “SDG-nyň dargamagy, möhüm wakadyr”
Türkiýe we Siriýa Damaskda 10 milliard dollarlyk söwda maksadyny ara alyp maslahatlaşdy
Prezident Erdogan Beýik hüjümiň 104-nji ýyllygy mynasybetli ýüzlenme çap etdi
Erdogan Ýewfrat galkany operasiýasynyň 10 ýyllygy bilen baglanyşykly ýüzlenme çap etdi
Türkiýe bilen Siriýanyň arasynda magdançylyk ugrunda strategik hyzmatdaşlyk
Göljükde “Mawy Watan” Togunşygy: TEHNOFEST-e Ýüztutmalar Başlady
Prezident Erdogan 17-nji awgust ýer titremesinde ýogalanlary hatyralady
Türkiýäniň 17 ýaşyna ýetmedik Milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy kümüş medal aldy
Raketa öndürmek üçin Türkiýä ýüz tutulyp bilner
Alihan Kuriş jenaýat toparyna operasiýa geçirildi
Türkiýe Aý enjamyny 2027-nji ýylyň ilkinji aýlarynda kosmosa uçurar