DÜNÝÄ
1 minut okamak
Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda 5,7 we 5,8 bal ululyklarynda iki aýry ýer titremesi boldy
Ýer titremesinde ölenler, şikes alanlar ýa-da zyýan çekenler barada hiç hili beýanat berilmedi.
Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda 5,7 we 5,8 bal ululyklarynda iki aýry ýer titremesi boldy
Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda 5,7 we 5,8 bal ululyklarynda iki aýry ýer titremesi boldy

Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Çinghaý welaýatynda 5,7 we 5,8 bal ululyklarynda iki aýry ýer titremesi boldy.

Hytaýyň Ýer titreme tor merkeziniň (CENC) maglumatlaryna görä, Çinghaý welaýatynyň merkezi bolan Şining şäherinden takmynan 244 kilometr uzaklykda ýerleşýän, ilaty az bolan, beýik daglyk sebitde 5,7 we 5,8 bal ululyklarynda iki ýer titremesi hasaba alyndy.

Ýeriň 10 kilometr aşagynda bolan ýer titremeleriniň birinjisi ýerli wagt bilen sagat 11:16-da, ikinjisi bolsa sagat 11:34-de boldy.

Ýer titremelerinde öpida bolan adamlar, şikes alanlar ýa-da zyýan çekenler barada heniz resmi beýanat berilmedi.