Ýemendäki Husiler tarapyndan Saud Arabystanynyň gündogaryna uçurylan üç ballistik raketa we dört uçarmansyz howa ulagy howa gorag ulgamlary tarapyndan ýok edilendigi habar berildi.
Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky Arap koalisiýasy Husileriň Saud Arabystanynyň gündogaryna ballistik raketalary atandygyny mälim etdi.
“Terrorçy Husiler tarapyndan Saud Arabystanynyň gündogar sebitine atylan üç ballistik raketa ýok edildi” diýip habar berlen beýanatda ýurduň günortasynda anyklanan dört uçarmansyz howa ulagynyň hem täsirsiz ýagdaýa getirilendigi bellenildi.
Saud Arabystanynyň Raýat goranyş müdirligi ýakyn wagtda Haraj welaýatynda we gündogar sebitde irki duýduryş ulgamlarynyň işjeňleşdirilendigini aýan etdi.
Ýemendäki Eýran tarapyndan goldanylýan Husiler birnäçe wagt bäri Riýada we Saud Arabystanynyň beýleki sebitlerine ballistik raketa we uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjümler amala aşyrýarlar.


























