Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmegi meselesi seljerildi

Ukrainanyň Prezidenti Kanada guran saparyndan soň ABŞ-na bardy

By
Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmegi meselesi seljerildi / AP

Finlandiýanyň Prezidenti Aleksander Stubb, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň, Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý we Ýewropaly liderler bilen ýekşenbe güni Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmegi meselesini ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy.

Stubb X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda, Tramp bilen Zelenskiýiň arasynda bir sagatdan gowrak dowam eden duşuşyga Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň, Britaniýanyň Premýer-ministri Keir Starmeriň, Germaniýanyň Federal Kansleri Merziň, Italiýanyň Premýer-ministri Meloniniň, Polşanyň Prezidenti Karol Nawrowskiniň, Norwegiýanyň Premýer-ministri Storyň, NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutteniň we Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýeniň hem gatnaşandygyny mälim etdi.

Tramp 4 ýyla golaý wagt bäri dowam edýän söweşiň bes edilmegini maksat edinýän ABŞ-nyň parahatçylyk meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin Zelenskiýi Floridada myhman aldy.

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Kanada guran saparynyň soň ýekşenbe güni ABŞ-na geldi.

Tram duşuşykdan öň beren beýannamasynda Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmegini maksat edinýän gepleşikleriň soňky tapgyryna gelinendigini aýdypdy.

Tramp žurnalistleriň Russiýa bilen Ukrainanyň ylalaşyk gazanmagy üçin soňky möhlediň kesgitlenilip kesgitlenilmändigi hakyndaky soragyna “Meniň soňky soňky möhlet ýok. Meniň soňky möhledim söweşiň bes edilmegi” diýip jogap berdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp, iki ýurduň prezidentiniň hem ylalaşyk gazanmak isleýändigini we gepleşikleri dowam etdirmek üçin Zelenskiý bilen geçirjek duşuşygyndan soň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.

Tramp Putin bilen geçiren soňky telefon söhbetdeşliginiň netijeli geçendigine ünsi çekipdi.

ABŞ-nyň Prezidenti söweşiň bes edilmeginde Ýewropa ýurtlarynyň liderleriniň uly rol oýnajakdygyny ýatlatdy.