TÜRKIÝE
1 minut okamak
Türkiýe bilen Siriýa saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Saglygy goraýyş ministrligi bilen Siriýa Arap Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi üçin ylalaşyk teswirnamasyna gol çekişildi.
Türkiýe bilen Siriýa saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Türkiýe bilen Siriýa saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder

Saglygy goraýyş ministri Kemal Memişoglu, sosial media arkaly beren habarnamasynda, Siriýada saparda bolandygyny mälim etdi.

Ministr Memiş resmi saparynyň çäginde kärdeşi Dr. Musaab Nazzal Alali bilen Türkiýe Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrligi bilen Siriýa Arap Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi üçin ylalaşyk teswirnamasyna gol çekişilendigini belledi.

Ministr Kemal Memişoglu habarnamasynda “Ylalaşygyň çäginde halkyň saglygynyň goralmagy, ýokanç kesellere garşy göreş, enäniň we çaganyň saglygynyň goralmagy ýaly ugurlaryň başda durmagynda saglygy goraýyş ulgamynyň güýçlendirilmegi, derman, lukmançylyk enjamlary we lukmançylyk biotehnalogiýasy ýaly ugurlarda tejribe alyşmak we saglyk syýahatçylygyny ösdürmek boýunça ylalaşyk gazanyldy. Ylalaşygyň Siriýa bilen saglygy goraýyş taýdan edilýän özara hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna itergi berjekdigine ynanýaryn we ýurtlarymyz üçin düşümli bolmagyny dileýärin” diýdi.