19 Ýanwar 2026
Pakistanyň söwda paýtagty hökmünde bilinýän Karaçi şäherinde söwda merkezinde bolan ýangynda 1 ýangyn söndüriji bilen birlikde azyndan 6 adamyň ýogalandygy, köp sanly adamyň hem ýaralanandygy habar berildi.
Karaçi şäher häkimliginiň Ýangyn söndüriş edarasynyň ýolbaşçysy Hamaýun Khan metbugata beren beýannamasynda, ýangynyň şenbe güni Gul Plaza söwda merkezinde bolandygyny habar berdi.
Khan söwda merkezinde egin-eşik, gap-çanak, kosmetika we elektrikli öý goşlaryny satýan 1200 dükanyň bardygyny aýtdy.
Hamahun Khan “Häzire çenli 1 ýangyn söndürüji bilen birlikde 6 adamyň jesedi çykaryldy” diýdi.
MASLAHAT BERILÝÄR
Köne binanyň ýangyn söndüriş işlerini bökdeýändigi we gözleg we halas ediş işleriniň ünslilik bilen dowam edýändigi nygtaldy.











