Eýranyň Ynkylap goragçylary Ormuz bogazynyň günbatar böleginde ABŞ önümi bolan MQ-1 uçarmansyz howa ulagyny täsirsiz ýagdaýa getirendigini habar berdi.
Eýranyň resmi habarlar agentligi IRNA Eýranyň Ynkylap goragçylary tarapyndan berlen ýazmaça beýanaty çap etdi.
Beýanatda Ormuz bogazynyň günbatar zolagynda Eýranyň howa goranyş ulgamy tarapyndan MQ-1 kysymly uçarmansyz howa ulagynyň anyklanyp, täsirsiz ýagdaýa getirlendigi mälim edildi.
Eýranyň Ynkylap goragçylary düýn irden hem Ormuz bogazynda şuňa meňzeş görnüşli uçarmansyz howa ulagyny hem täsirsiz ýagdaýa getirendigini habar beripdi.
ABŞ tarapyndan 1990-njy ýyllarda öndürilen MQ-1 görnüşli uçarmansyz howa ulagy ilki gözegçilik we ösen razwedka maksatlary üçin meýilleşdirilipdi. Soňra bu pilotsuz uçarmansyz howa ulaglaryna täze kameralar we raketalar goşuldy.




















