NATO-nyň Ankara sammiti Goranmak senagaty forumy bilen öz işine başlady
SYÝASAT
2 minut okamak
NATO-nyň Ankara sammiti Goranmak senagaty forumy bilen öz işine başladyAnkaranyň ýer eýeçiliginde geçirilýän NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň 36-njy sammiti, Goranmak senagaty forumy bilen öz işine başlady.
NATO-nyň Ankara sammiti Goranmak senagaty forumy bilen öz işine başlady

Türkiýäniň ýer eýeçiliginde geçirilýän NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň 36-njy sammiti üçin görülýän taýarlyklar tamamlandy.

Sammite NATO agza 32 ýurduň döwlet we hökümet baştutany,  müňlerçe diplomat bilen birlikde žurnalisler we myhmanlar gatnaşar.

Sammitiň çäginde käbir oturlyşyklar ATO Kongresiumda geçirler.

NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary 8-nji iýulda Prezidentiň Kompleksinde bir ýere jemlenşer.

Sammitiň çäginde ilkinji gezek Goranmak senagaty forumy Türkiýede geçirilýär

Prezidentiň Kompleksinde şu gün NATO agza ýurtlaryň Goranmak we Daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda birnäçe oturluşyk geçirler.

Sammitiň çäginde ilkinji gezek Türkiýede geçirilýän Goranmak senagaty forumynda Wise-preizdent Jewdet Ýylmazyň, Milli Goranmak ministri Ýaşar Güleriň we NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutteniň çykyş etmegine garaşylýar.

Forumyň çäginde birnäçe oturluşyk geçirler we Rutte bilen Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý metbugata beýannama berer.

NATO-nyň Baş sekretary Rutte, goranmak senagatynyň önümçiliginiň artdyrylmagy meselesiniň forumyň gün tertibinde esasy orun eýelejekdigini aýdypdy.

Ankara dünýä liderlerini myhman alýar

Prezident R. T. Erdogan NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň 36-njy sammitiniň çäginde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Finlýandiýanyň Prezidenti Aleksander Stubb, Germaniýanyň Federal Kansleri Merz, Italiýanyň Premýer-ministri Meloni, Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karneý, Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Rama, Bolgariýanyň Premýer-ministri Rumen Radew we NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte bilen birlikde Ýewropa Bileleşigi Geňeşiniň başlygy Antoniu Kosta bilen duşuşar.

Sammitiň çäginde gurama agza ýurtlaryň Daşary işler we Goranmak ministrleri hem iş naharynda duşuşar.

2004-nji ýylda Stambulda geçirlen NATO-nyň liderler sammitiniň çäginde durmuşa geçirlen we Kataryň, Bahreýniň, Kuweýdiň we Birleşen Arap Emirlikleriniň gatnaşmagyndaky Stambul hyzmatdaşlyk başlangyjynyň çäginde daşary işler ministrleri derejesinde ýörite oturluşyk geçirler.

Sammitiň çäginde şeýle hem NATO Stambul hyzmatdaşlyk başlangyjynyň Daşary işler ministrleriniň maslahatynyň geçirilmegine garaşylýar.

Daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri NATO-nyň Ankara sammiti bilen ýakyndan gyzyklanýar.