SYÝASAT
2 minut okamak
Donald Trump, 2028-de Barack Obama bilen ýaryşmagy isleýändigini aýtdy
ABŞ Prezidentiniň bu beýannamasy, onuň üçünji möhlete resmi taýdan dalaş etmegi çynlakaý oýlanýandygynyň iň aýdyň görkezijisi hökmünde kabul edildi. Ol bu pikiriniň "degişme däldigini" aýdan çykyşyndan bir gün soň şeýle beýannama bilen çykyş etdi.
Donald Trump, 2028-de Barack Obama bilen ýaryşmagy isleýändigini aýtdy
Obama we Tramp / AP
2 Aprel 2025

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň (ABŞ) Prezidenti Donald Trump duşenbe güni eden çykyşynda 2028-nji ýylda ozalky prezidentlerden Barack Obama bilen prezidentlik ugrunda bäsleşmek isleýändigini aýtdy. Amerikanyň Konstitusiýasy oňa üçünji möhlete dalaş etmäge ýol bermeýän hem bolsa, Trump ony isleýändigini mälim etdi.

"Men muny hakykatdanam isleýärin. Güýçli bäsleşik bolardy. Meniň hoşuma gelerdi," diýip, Trump Ak Tamda žurnalistlere beren beýanatynda aýtdy. Ol şeýle saýlawyň mümkin bolup-bolmajakdygyna ýokardaky jogaby berdi.

Trump şeýle hem: "Hiç kim maňa üçünji möhlete dalaş etmelidigimi aýtmaýar, ýöne bu barada gürrüňler bar. Men bilmeýärin. Emma käbir adamlar onuň ýolunyň bardygyny aýdýarlar. Şeýle-de bolsa, men bu mesele bilen gyzyklanmadym. Men diňe gowy iş etmek isleýärin. Entek öňümizde dört ýyl bar... Dogry, tas dört ýyl bar," diýdi.

Trump bu sözleri, “NBC News” teleýaýlymyna ýekşenbe güni beren interwýusynda üçünji möhlete dalaş etmek baradaky pikiriniň "degşlme däldigini" aýtmagynyň soň beýan etdi. Käbir synçylar bu sözleri onuň Konstitusiýadaky bökdençligi ortadan aýyrmagyň ýollaryny gözleýändiginiň açyk görkezijisi hökmünde kabul etdiler.

"Ony etmegiň käbir usullary bar," diýip, Trump şol interwýusynda belledi we "Emma häzirlikçe bu barada pikir etmek üçin ir" diýdi.

1951-nji ýylda ABŞ Konstitusiýasyna girizilen 22-nji üýtgetme Prezident Franklin D. Ruzweltiň yzly-yzyna dört möhlet prezident saýlanmagyndan soň kabul edildi. Bu kanun: "Haýsydyr bir raýat iki gezekden köp Prezidentlige saýlanyp bilmez," diýen düzgün bilen kesgitlenen. Bu düzgün prezidentlik möhletleriniň yzly-yzyna ýa-da arakesme bilen bolmagy bilen baglanyşykly däl – ýagny, iki möhlet prezident dolan her bir adam üçinji gezek prezident saýlanyp bilmez.

Häzirki wagtda ikinji möhletini tamamlap barýan Trumpyň käbir syýasy ýaranlary onuň üçünji möhlete prezident bolmagynyň saýlawlardan başga ýollarynyň hem bolup biljekdigini öňe sürdüler.

“NBC News” teleýaýlymynyň žurnalisti Kristen Welker Trumpa üçünji möhlete prezident bolmagyň bir ýolunyň häzirki wise-prezident JD Wansyň saýlawlarda ýeňiş gazanyp, soňra wezipesini oňa tabşyrmagy bolup-bolmandygyny sorady.

"Hawa, bulam bir çykalga" diýip, Trump jogap berdi we "Ýöne başga ýollary hem bar. Başga ýollar hem bar," diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Emma Konstitusiýanyň 22-nji üýtgetmesini bes edip, üçünji möhlet gadagançylygyny aýyrmak tas mümkin görünmeýar. Onuň üçin Kongresiň iki palatasynyň hem üçden iki bölegi razylyk bermeli we ştatlaryň dörtden üç bölegi ony makullamaly.

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Türkiýe bilen Saud Arabystany KAAN harby uçarlaryna birlikde maýa goýar
MHG-nyň maglumatçysy Jeffri Epşteýniň Ysraýylyň içalysy bolandygyna "ynanýar
Pakistan bilen Gazagystan özara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin 37 şertnama baglaşdy
Türkiýe Sudanyň bitewilige we özygtyýarlygyna goldaw berýär
Ysraýyl ABŞ-nyň Eýrana hüjüm guramagyny isleýär, emma Tramp egilşiksiz diplomatiýany ileri tutýar
Putin Eýranyň Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygyny kabul etdi
Türkiýe ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin töwellaçylyk etmäge taýar
Umumy türk elipbiýi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
ÝB-niň Eýranyň Ynkylap goragçylaryny “terror guramalarynyň” sanawyna almagyna garaşylýar
Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara Moskwa ikinji saparyny guraýar
Türkiýe bilen Nigeriýa özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak isleýär
Daşary işler ministri Hakan Fidan Hamasly wekiliýet bilen duşuşdy
Terror guramasy DEAŞ-a garşy egilşiksiz göreş dowam eder
Türkiýe Ysraýylyň garşylygyna garamazdan Gaza esger ugratmaga taýar
NATO: Arktikanyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýaranlar bilelikde işleşerler
Hytaý Trampyň "parahatçylyk geňeşiniň" BMG-niň ornuny tutup biljekdigi baradaky pikirine goşulmaýar
Hindistan bilen Birleşen Arap Emirlikleri suwuklandyrlan tebigy gaz şertnamasyny baglaşdy
Siriýanyň demirgazynyň terror guramasy ÝPG-li terrorçylardan saplanmagy üçin ylalaşyk gazanyldy
Prezident Erdogan Siriýanyň Prezident Prezidenti Al Şara bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Ukrainanyň resmi wekiliýeti parahatçylyk gepleşikleri üçin ABŞ-na geldi