ÝB-niň Eýranyň Ynkylap goragçylaryny “terror guramalarynyň” sanawyna almagyna garaşylýar

ÝB-ne agza ýurtlaryň Daşary işler ministri, Eýranyň Ynkylap goragçylaryny gara sanawa almaga taýarlanýar.

By
ÝB-niň Eýranyň Ynkylap goragçylaryny “terror guramalarynyň” sanawyna almagyna garaşylýar / AP

ÝB Komissiýasynyň Daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça ýörite wekili Kaža Kallas, ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň köpçülikleýin protest ýörişlerinde aşa güýç ulanylandygy sebäpli Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunyny “terror guramalarynyň sanawyna” almagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Kaža Kallas penşenbe güni Daşary işler ministrleriniň Brýusselde geçirlen maslahatyndan öň metbugata beren beýannamasynda “Terrorçy ýaly hereket etseňiz, size terrorçy ýaly çemeleşiler” diýdi.

Kallas guramanyň bu tutumynyň Ynkylap goragçylaryny terror guramasy Al Kaida we DEAŞ ýaly terror guramalary bilen deň derejede görýändigini açyk aýdyň görkezýändigini belledi.

ÝB-niň bu simwoliki başlangyjy, ýurtda geçirlen protest ýörişlerinde müňlerçe adamyň ýogalandygynyň öňe sürülmeginden soň Eýrana berlen berk duýduryş bolar.

27 agzaly gurama, protestçylara basyş edilmegi sebäpli döwlet eýeçiligindäki 27 kärhana we ýurduň İçeri işler ministri bilen birlikde eýranly ýolbaşçylara wiza gadagançylygynyň goýulmagyny we emlagynyň saklanmagyny öz içine alýan sanksiýalary tassyklamaga taýarlanýar.

Eýranyň Ynkylap goragçylary, Tähran goşunynyň bir bölegi hökmünde 1979-njy ýyldaky ynkylapdan soň dini lideri goramak maksady bilen döredildi.

Ynkylap goragçylary Eýranyň ykdysadyýetinde uly rol oýnaýan strategik pudaklar bilen birlikde birnäçe firma gözegçilik edýär.