DÜNÝÄ
1 minut okamak
ABŞ-da guralan ýaragly hüjümde dokuz adam ýogaldy
Pensilwaniýa ştatynyň Eri şäherinde hüjümçi öýüň içinde we daşynda ot açdy, soň bolsa öz janyna kast etdi.
ABŞ-da guralan ýaragly hüjümde dokuz adam ýogaldy
ABŞ-da guralan ýaragly hüjümde dokuz adam ýogaldy

ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynyň Eri şäherinde bolan hüjümde çagalar bilen birlikde azyndan 9 adam ýogaldy.

ABC News habarlar gullugynyň şenbe güni resmilere esaslanyp beren habaryna görä Pensilwaniýa ştatynyň Eri şäherinde hüjümçi öýüň içinde we daşynda ot açdy, soň bolsa öz janyna kast etdi.

Polisiýa gullugynyň başlygy Rik Lora: "Bu biziň ofiserlerimiziň we derňew toparlarynyň ýüzbe-ýüz bolan iň kyn we ýürekleri paralaýyjy wakalaryň biridir" diýdi.

Resmiler ýogalan adamlaryň we hüjümçiniň şahsyýetini entek aýan etmediler.

Hüjümiň sebäbi entek anyklanmady, derňewçiler hüjüme çenli bolan wakalary we onuň şertlerini aýdyňlaşdyrmak üçin iş alyp barýarlar.