DÜNÝÄ
2 minut okamak
Ysraýyl Gazada tiz kömek ulaglaryny nyşana alandygyny boýun aldy
Hamasyň resmileri Ysraýylyň hereketleriniň Rafahdaky Raýat goranyş we Palestinanyň Gyzylaý toparlaryna garşy “wagşyçylykly we ozaldan meýilleşdirilen gyrgynçylykdygyny” beýan etdi.
Ysraýyl Gazada tiz kömek ulaglaryny nyşana alandygyny boýun aldy
The incident occurred in Rafah, where Israeli troops had launched a recent military offensive. [Photo: AFP] / AFP

Ysraýylyň goşuny şenbe güni beren beýanatynda Gazada tiz kömek ulaglaryna "şübheli ulaglar" hökmünde kesgitläp, hüjüm guralandygyny boýun aldy, Hamas bolsa hüjümde azyndan 1 adamyň ýogalandygyny belläp, hüjümi “harby jenaýat” hökmünde ýazgardy.

Waka geçen hepdäniň ýekşenbe güni Müsüriň golaýyndaky Rafah şäherindäki Tel-al-Soltan etrapçasynda başdan geçirildi.

Ysraýylly esgerler 20-nji martda ol ýerde hüjüm başlatdy, ol bolsa goşunyň takmynan 2 aý dowam eden ýaraşyk ylalaşygyndan soň Gaza howa hüjümleriniň başlan gününden 2 gün soňdy.

Ysraýylyň goşuny AFP beren beýanatynda: “Ysraýylly esgerler Hamasa degişli ulaglara hüjüm gurady we Hamasa agza birnäçe terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi. Birnäçe minutdan soň, goşmaça ulaglar goşunlara tarap şübheli ýagdaýda ýakynlaşdy. Esgerler şübheli ulaglara ot açyp, birnäçe Hamas we Yslam Jihad söweşijisini täsirsiz ýagdaýa getirdi” diýip belledi.

Goşun ulaglardan ot açylyp-açylmandygy barada maglumat bermedi.

Beýanatda: “Deslapky derňew işlerinden soň, şübhe astynda bolan ulaglaryň käbirleriniň tiz kömek we ýangyn söndüriji gulluklaryna degişli ulaglardygy kesgitlendi” diýip mälim etdi.

Bilkastlaýyn, rehimsiz gyrgynçylyk

Wakada bir gün soň Gazanyň raýat goranyş agentligi, Tel al-Soltanda ýoglan we ýaralanan adamlara kömek bermek üçin gyssagly ýagdaýda ugradylan 6 halas edijiden ybarat topar bilen aragatnaşygyň kesilendigini aýan etdi.

Anna güni, toparyň ýolbaşçysynyň jesediniň we halas ediş ulaglarynyň — tiz kömek we ýangyn söndüriji ulaglaryň — tapylandygy habar berildi. Şeýle hem, Palestinanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetine degişli ulagyň "demir galyndysyna öwrülendigini" aýtdy.

Hamasyň syýasy býurosynyň agzasy Basem Naim Ysraýyly "Rafah şäherinde Raýat Goranyş we Palestin Gyzyl Ýarymaý toparlaryna garşy bilkastlaýyn we rehimsiz gyrgynçylyk amala aşyrmakda" aýyplady.

Basem Nail: “Halas ediş işgärleriniň nyşana alynmagy — halkara ynsanperwer hukugy bilen gorag astynda bolýan işgärleriň öldürilmegi — Ženewa konwensiýalarynyň düzgüniniň açyk bozulmasy we uruş jenaýaty bolup durýar" diýip nygtady.

Palestinalylar hassahananyň golaýynda öldürildi

BMG-niň Ynsanperwer kömekleri utgaşdyryş edarasynyň ýolbaşçysy Tom Fletcher mart aýynyň 18-den bäri "Ysraýylyň gür ilatly ýerlerde amala aşyran howa hüjümlerinde ýüzlerçe çaga we beýleki raýatlar öldürildi. Hassahanalarda düşeginde öldürilen keselli adamlar. Tiz kömek ulaglaryna ot açylmagy. Gyssagly kömek gullugynyň toparlarynyň öldürilmegi. Eger ynsanperwer hukugyň esasy ýörelgeleri henizem ähmiýetli bolsa, halkara jemgyýetçiligi olary goramak üçin mümkinçiliginden peýdalanmalydyr" diýip belledi.

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Yrakdan guralan hüjümde Gündogar-Günbatar turba geçirijisi nyşana alyndy
Modiden Putine ýüzlenme: “Çaknyşyklar diňe diplomatiýa arkaly bes ediler”
Putin Hindistanda geçiriljek BRICS-iň liderler sammitine gatnaşar
Polşanyň Premýer-ministri Tusk: Ukraina-Polşa gümrük geçelgesine abanýan howp ortadan aýryldy
Alžir Birleşen Arap Emirlikleri bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesdi
Ukraina Russiýa garşy söweşiň iň uzak aralykly hüjümini gurady
Eýranyň Iordaniýa guran hüjüminde ABŞ-na degişli birnäçe uçara zeper ýetirildi
Kreml ABŞ-nyň araçylyk etmeginde Ukraina bilen gepleşikleriniň gaýtadan başlanmagyna umyt baglaýar
Nepal-Hytaý serhet zolagynda sil apatynda ýogalanlaryň sany 1410 adama ýetdi
Tramp-Putin söhbetdeşliginden soň Russiýa bilen Ukraina hüjümlerini dowam etdirdi
"Ysraýyl Gündogar Iýerusalimdäki Britaniýanyň konsullygyny 30 günüň dowamynda ýapmagy buýurdy"
Eýran ABŞ-nyň Iordaniýadaky harby bazasyna hüjüm gurady
Malaýziýada bolan dikuçar heläkçiliginde 5 adam ýogaldy
Zelenskiý Russiýanyň Ukrainadaky telewideniýe binasyna UHU bilen hüjüm gurandygyny aýan etdi
Smotriç we Ben-Gwir Britaniýa garşy sanksiýa girizilmegini we ilçiniň çykarylmagyny talap edýärler
Russiýanyň Kiýewe raketalar we UHU bilen guran hüjümlerinde iki adam öldi, on adam ýaralandy
Russiýa Ukraina we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýtdy
Russiýa: Germaniýa Bonndaky konsullygymyzy esassyz bahana bilen ýapdy
Ýewreý zenan basyp alyşlyk astyndaky Gündogar Iýerusalimdäki ermeni buthanasynyň öňüne tüýkürdi
Kreml: "Putin Ukrainadaky uruş barada ABŞ-nyň wekilleri bilen 'örän açyk' gepleşikler geçirdi”