“Kipr türklerine goldaw bermäge dowam ederis”
Daşary işler ministri Hakan Fidan, “Kipr türklerine goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.
Daşary işler ministri Hakan Fidan, “Ene watan we hamaýatkär ýurt hökmünde Kipr türklerine goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.
Ministr Fidan sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda, Kipr türk halkynyň gaýduwsuz göreşi netijesinde gurlan DKTR-nyň 42 ýyllygy bilen gutlady.
Kipr meselesiniň Adadaky hakykatlara laýyklykda adalatly we yzygiderli ýagdaýda çözülmeginiň möhümdigine ünsi çeken Hakan Fidan “Çözgüt Adadaky iki döwlete esaslanmaly” diýdi.
Türkiýäniň ene watan we hemaýatkär ýurt hökmünde DKTR-na ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtan Fidan “Türkiýe Kipr türklerine ähli taraplaýyn goldaw bermäge we DKTR-ny güýçlendirmäge dowam eder” diýip belledi.