Türkiýäniň ýer eýeçiliginde oktýabr aýynyň 29-30-y aralygynda paýtagt Ankarada geçiriljek Türki döwletleriň guramasynyň 13-nji liderler sammitinde oba hojalygyndan kosmosa, söwdadan ulaglar pudagyna çenli birnäçe ugur boýunça edilýän özara hyzmatdaşlyk meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.
2026-njy ýylda “Türk dünýäsiniň medeni paýtagtlygyna” saýlanan Ankara, iýul aýynda geçiriljek NATO-nyň liderler sammitinden soň başga bir halkara çärä ýer eýeçiligini etmek üçin taýarlyk görýär.
Şol çäkde Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň 13-nji liderler sammiti oktýabr aýynyň 29-30-y aralygynda paýtagtda geçirler.
Gurama agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri geňeşiniň maslahaty 29-njy oktýabrda geçirler.
Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylygyk etmeginde geçiriljek sammit “Türk asyry: Dilde, pikirde, işde birlik”temasy bilen 30-njy oktýabrda geçirler.
Sammitde gurama agza ýurtlaryň arasyndaky özara hyzmatdaşlyk meselesi bilen birlikde sebitara we halkara meseleleriň seljerilmegine garaşylýar.
Liderleriň syýasy hyzmatdaşlyk, söwda, maýa goýum, aragatnaşyk, energiýa, digital öwrülşik we medeniýet ýaly birnäçe meseläni giňişleýin ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar.
Türkiýe sammitiň çäginde Türki döwletleriň guramasynyň döwürleýin ýolbaşçylygyny Azerbaýjandan kabul edip alar.
Türki döwletleriň guramasynyň çäginde agza ýurtlar Türkiýe, Azerbaýjan, Gyrgyz Respublikasy, Gazagystan we Özbegistan bilen birlikde Türkmenistan, Wengriýa we DKTR ýaly synçy ýurtlar ýer alýar.























