Ysraýyl tarapyndan Liwana guralan hüjümde 1 adam ýogaldy
Ysraýylyň Liwanyň günortasyna guran dron hüjüminde 1 adam ýogaldy, 1 adam hem ýaralandy.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna göra, düşenbe güni Liwanyň günortasynda ýerleşýän Baisariýah etrapçasynda bir ulaga Ysraýyl tarapyndan hüjüm guraldy. Hüjümde 1 adam ýogaldy, 1 adam hem ýaralandy.
Resmi habarlar gullugy NNA, Ysraýyla degişli dronyň Sidon etrabyndaky Baisariýah etrapçasynda bir ulagy nyşana alandygyny habar berdi.
Hüjümde ýogalanyň şahsyýety hakynda we ýaralanlar barada doly maglumat berilmedi.
Ysraýylyň harby goşuny hem mesele barada heniz hiç hili beýannama bermedi.
Ysraýylyň ýekşenbe güni guran hüjümlerde ýene-de 2 adamyň ýogalandygy nygtaldy.
Ysraýylyň harby goşuny, Liwanda soňky hepdelerde Hizbulahyň agzalaryny we gurama degişli ýerlerini nyşana almaga dowam edýär
Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Liwana guraýan hüjümlerinde 4 müň adam ýogaldy, 17 müň adam hem ýaralandy.